Günorta Koreýada ýylda 150 million doza Sputnik V sanjymy öndüriler

Günorta Koreýada ýylda 150 million doza Sputnik V sanjymy öndüriler

Russiýanyň gönüden-göni maýa goýum gaznasy (RDIF) we GL Rapha biotehnologiýa kompaniýasy Günorta Koreýada koronawirusa garşy "Sputnik V" sanjymynyň 150 milliondan gowrak dozasyny öndürmek barada ylalaşdylar. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

Sanjymyň eksporty 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda başlanar diýip, bu derman serişdesine bagyşlanan resmi Twitter hasabynda aýdylýar.

Tomusda 18-60 ýaş aralygyndaky meýletinçilerde bu sanjymyň barlaglarynyň iki tapgyry üstünlikli geçirildi. Barlagyň netijesinde sanjymy kabul edenlerde SARS-CoV-2-ä garşy antibedenjikler emele geldi. Öň “Sputnik V-niň” twitter-akkauntyna salgylanyp habar berlişi ýaly, sanjymyň netijeliligi 92% boldy (hasaplama plasebo toparynda we sanjymy alan toparda ýüze çykarylan 20 tassyklanan ýagdaýyň paýlanmagyna esaslandy).

Ýene degişli makalalar

Žaparow: Olimpiýa oýunlarynda gyrgyz, gazak we özbek janköýerleriniň jebisligine tutuş dünýä şaýat boldy
Pelosiniň jedelli saparlarynyň dowamy
Serdar Berdimuhamedowyň ŞHG-niň Samarkantda geçiriljek sammitine gatnaşmagyna garaşylýar
Papua-Täze Gwineýada kofe we palma ýagy ministrlikleri döredildi
Taryhda bu hepde 19-njy awgust
Sputnik V Russiýanyň taryhynda iň köp eksport edilýän derman serişdesi boldy
Sputnik V waksinasynyň ulanylyş möhleti ýarym ýyldan bir ýyla çenli uzaldyldy