Günorta Koreýada ýolagçy uçary ýandy

Günorta Koreýada ýolagçy uçary ýandy

Yonhap tarapyndan berilen habara görä, Busan howa menzilinden Gonkonga barýan “Air Busan” uçarynyň guýruk böleginde düýn ýola çykmadan gysga wagt ozal ýangyn boldy.

Resmiler ýangynda ýaralananlaryň sanynyň 7 adama ýetendigini habar berdiler.

Ýaralanan adamlaryň 4-siniň tüsseden zäherlenen ekipaždan ybaratdygy, 3-siniň bolsa arkalaryndaky agyrylaryndan şikaýat eden ýolagçylardan ybaratdygy mälim edildi.

Ýangyn söndüriji gullugynyň resmiler, ýangyn sebäpli uçaryň düzümindäki 169 ýolagçy bilen 7 adamdan ybarat ekipažyň çişirilen tagçalar bilen ewakuasiýa edilendigini aýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Taýwanda söwda merkezinde partlama boldy
Braziliýada kiçi uçar ýere gaçdy
Ispaniýada Garrylar Öýünde Bolan Ýangynda 10 Adam Ýogaldy
Ýangynlary söndürmek üçin ykjam diň
Ukraina, Russiýa Garşy ABŞ-da Öndürlen Raketalary Ulandy
GAZ ENJAMLARYNDA ÝANGYN HOWPSUZLYK ÇÄRELERI