Günorta Koreýada litiý batareýa öndürýän zawotda ýangyn boldy

Günorta Koreýada litiý batareýa öndürýän zawotda ýangyn boldy

Ýonhap habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, ýangyn söndürijiler Seul şäheriniň günortasyndaky Hwaseong şäherindäki litiý batareýa öndürýän zawotda ýüze çykan ýangyny söndürmäge çalyşýarlar.

Ýangyn sebäpli ilkinji kesgitlemere görä 20 adamyň ýogalandygy, ýogalan işgärleriň şahsyýetleriniň entek anyklanmandygy beýan edildi.

Resmiler 2-siniň saglyk ýagdaýy agyr ýaralanan jemi 4 adamyň hassahanalarda bejergi astyna alynandyklaryny, fabrikde galan beýleki işgärler üçin gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigini habar berdiler. Ýangynyň näme sebäpli ýüze çykandygy derňelýär.

Günorta Koreýanyň döwlet baştutany Ýun Sok Ýol ýangynyň söndürilmegi we fabrigiň içinde galan adamlaryň halas edilmegi maksady bilen bar bolan degişli ähli işgärleriň we enjamlaryň gönükdirilmegi barada gyssagly görkezme berdi.

Ýurduň içeri işler ministri Lee Sang-min hem degişli guramadyr-edaralaryň we ýerli dolanşygyň bar bolan ähli çeşmelerini we mümkinçiliklerini ulanmaklaryny isledi.

Içeri işler ministrligi waka bilen baglanşykly derňew işiniň başladylandygyny aýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Kartalkaýada Myhmanhanada Bolan Ýangynda Ýogalanlaryň Sany 76 Adama Ýetdi
Kartalkaýa Liža Merkezinde Bolan Ýangynda 10 Adam Ýogaldy
Kartalkaýada Ýogalanlaryň Sany 66 Adama Ýetdi
Ýangynda kül bolan Günorta Kaliforniýa güýçli ýel hem-de ýangyn howpy abanýar
Günorta Koreýada ýolagçy uçary ýandy
Taýwanda söwda merkezinde partlama boldy
Ganadaky ýangynda 100-den gowrak dükan ýandy