Günorta Koreýada bir aýda doglan çagalaryň sany boýunça täze antirekord hasaba alyndy

Günorta Koreýada bir aýda doglan çagalaryň sany boýunça täze antirekord hasaba alyndy

2022-nji ýylyň fewral aýynda Günorta Koreýada 20 654 çaga dünýä indi we bu 1981-nji ýylda statistika ýygnalyp başlanandan bäri bu aý üçin iň pes görkeziji boldy. Muny Milli statistika edarasynyň maglumatlary delillendirýär.

2022-nji ýylyň fewral aýynda doglan çagalaryň umumy sany geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3,2% azdyr. Şol bir wagtyň özünde, ýurtda “omikron” ştammynyň ýaýramagy sebäpli 29 189 ölüm hasaba alyndy, bu bolsa 2021-nji ýyla garanyňda, 22,7% köpdür. Şu ýyl ölüm sany we olaryň degişlilikde ösüşi 1983-nji ýylda häkimiýetler tarapyndan statistika ýöredilip başlanandan bäri iň ýokary görkeziji boldy.

Fewral aýynda ilatyň tebigy azalmasy 8 535 adama ýetdi, otrisatel dinamika eýýäm bassyr 28 aý bäri saklanýar.Migrantlary hasaba almak bilen Günorta Koreýanyň ilatynyň sany dogluş derejesiniň pes bolmagy, ilatyň garramagy we pandemiýa bilen baglylykda migrasion ösüşiň peselmegi sebäpli 2021-nji ýylda ilkinji gezek azaldy.

Statistika edarasynyň hasabyna görä, 2021-nji ýylda Koreýa Respublikasynda, takmynan, 51,7 mln adam ýaşaýardy.

Ýene degişli makalalar

Gyzynyň şübheli ölümi boýunça adalat gözleýän enäniň media çykyşlary polisiýa işjeňligini artdyrdy
4 Aýda 800 Müň Migrant Owganystandan Eýrana Girdi
Türkmenistanyň kanun goraýjy işgärlerine hüşgär bolmak tabşyryldy 
Türk lirasynyň hümmetiniň taryhy peselmegi netijesinde Türkiýedäki türkmen migrantlary başga ýurtlara işlemäge gitmek mümkinçiligini gözleýärler
ÝB migrant krizisi sebäpli Belarusa garşy sanksiýalary güýçlendirýär
Polşa Migrant Krizisi Sebäpli Russiýany Günäkärleýär
Polşa-Belarus Serhinde 4 Migrant Doňdy