
Günorta Koreýanyň Soçhon okrugyndaky deňiz önümleri bazarynda bolan ýangynda 227 dükan ýandy diýip, Belta.by ýazýar.
Ýangyny söndürmek üçin ýangyn söndürijileriň 361-si, tehnikanyň 45 sanysy uzak gije göreşdi. Emma bazardaky dükanlaryň 292-siniň 227 sanysy doly ýandy.
Ýangyn bazarda gije döränsoň, ejir çekenler ýok. Ýangyn gulluklary heläkçiligiň sebäplerini we çekilen ýitgini öwrenýärler.