Günorta Koreýada 80 ýaşly zenan milli gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna çykdy

Günorta Koreýada 80 ýaşly zenan milli gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna çykdy

Günorta Koreýada 80 ýaşly Çhwe Sun Hwa atly zenan milli gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna çykdy diýip, Oddity Central neşirine salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.

Pensiýadaky zenan ilkibada bäsleşige gatnaşmak meýliniň bolmandygyny, guramaçylar tarapyndan bäsleşigiň şertleri üýtgedilenden soňra mümkinçilikden peýdalanmagy ýüregine düwendigini gürrüň berýär. Onsoňam ol köp wagtdan bäri moda işewürliginde işläp, bu ugurdan ýeterlik tejribesi bar ekeni.

Zenan 72 ýaşynda zenan egin-eşikleriniň mahabatynda işlemäge özüni şepagat uýasyka hassahanada bejergi alýan hassalaryň biriniň ruhlandyrandygyny sözüniň üstüne goşdy. Şondan soňra Çhwe bu ugurdan işde arakesme wagty türgenleşip, Seulda geçen moda hepdeligine gatnaşypdyr.

Ýene degişli makalalar

81 ýaşly koreýaly zenan gözellik bäsleşiginde ýeňiş gazanyp bilmedi
Türkmenistanda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy geçirildi
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Abdulkadir Uralogly Günorta Koreýa sapar gurar
Türkmen ilçisi “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” forumynyň taýýarlyk maslahatyna gatnaşdy