Ýonhap habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, Günorta Koreýanyň Daşary işler ministrligi rus işewür adamlara garşy girizilen sanksiýalar barada maglumat berdi.
Günorta Koreýanyň Daşary işler ministrligi: "Intellekt LLC kärhanasynyň başlygy Sergeý Mihaýlowiç Kozlow, Sodeistvie kärhanasynyň başlygy Aleksandr Fýodorowiç Panfilow we ady agzalan 2 kärhana sanksiýa sanawyna alyndy" diýip habar berdi.
Moskwa bilen Phenýanyň arasynda harby enjamlaryň logistikasyny ýerine ýetirýän "Lady R" we "Angara" atly 2 rus gämilerine garşy hem sanksiýa giriziljekdigi mälim edildi.
Ministrlik tarapyndan berilen beýanatda: "Demirgazyk Koreýa we Russiýanyň arasyndaky harby hyzmatdaşlyk bütin dünýäniň parahatçylygyna we durnuklylygyna wehim salýar we BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň kararlarynyň düzgünini açyk ýagdaýda bozýar" diýip beýan edildi.