Günorta Koreýa Demirgazygyň Russiýa gaubisa we raketa atyjy enjamlary iberendigini öňe sürdi

Günorta Koreýa Demirgazygyň Russiýa gaubisa we raketa atyjy enjamlary iberendigini öňe sürdi

Ýonhap tarapyndan berilen habara görä, Günorta Koreýanyň Milli razwedka gullugy, Russiýa ýerleşdirilen Demirgazyk Koreýaly takmynan 11 müň esgeriň, oktýabr aýynyň ahyrynda rus birikmeleriň hatarynda Ukraina garşy uruşmaga başlandygyny habar berdi.

Demirgazyk Koreýaly esgerleriň söweş meýdanynda işjeň wezipe almagy bilen adam ýitgileriniň artmagyna garaşylýandygy bellenen beýanatda, ýogalan ýa-da ýaralan Demirgazyk Koreýaly esgerleriň sanyny kesgitlemek üçin işleriň dowam edýändigi mälim edildi.

Demirgazyk Koreýanyň Ukraina bilen uruşmagyny dowam etdirýän Russiýa goşmaça gaubisalary we raketa atyjy enjamlary iberendigi öňe sürülen beýanatda, Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Ynyň Russiýa ýaňadandan sapar gurap biljekdigi aýan edildi.

Russiýanyň döwlet baştutany Wladimir Putin, iýun aýynda Demirgazyk Koreýa resmi sapar gurapdy, taraplaryň arasynda "giň gerimli strategiki hyzmatdaşlyk şertnamasyna" gol çekilipdi.

ABŞ-dan we NATO-dan oktýabr aýynyň ahyrynda berilen beýanatlarda, Demirgazyk Koreýanyň Russiýa esger iberendigi we olaryň Ukraina serhedine ýakyn Kursk sebitine ýerleşdirilendigi habar berilipdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen diplomatlary Bitaraplyk syýasatyny üzňeligiň däl, açyk dialogyň guraly hökmünde wagyz edýär
“Ukraina NATO Agzalyga Kabul Edilse Wezipämden Çekilerin”
Erdogan Bilen Makron Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Prezident Erdogan NATO-nyň Baş Sekretary Rutte Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Tramp Putin bilen Saud Arabystanynda duşuşmagynyň mümkindigini aýtdy
Orsýetiň Ukrainada urşy başlamagyna 3 ýyl boldy. Türkmenistanlylar näme pikirde?