Günorta Karolinanyň häkimiýetleri gaçak geçiniň eýesini tapanoklar

Günorta Karolinanyň häkimiýetleri gaçak geçiniň eýesini tapanoklar

ABŞ-nyň Günorta Karolina ştatynyň häkimiýetleri şäherde ygyp ýören geçiniň eýesini näçe gün bäri gözleseler hem tapyp bilenoklar diýip, UPI neşiri habar berýär.

Okrugyň şerifi Anderson geçiniň çarşenbe güni ele salnandygyny gürrüň berýär.Geçi köçelerde alakjap ýörşüne ulaglylara hem-de pyýadalara mazaly päsgelçilik döredipdir.Ahyry ony poliseýler tutup, polisiýa jaýyna getiripdirler.

Emma her näçe gözlense-de, geçiniň eýesi tapylanok.Munuň üçin sosial ulgamlarda we köçelerde bildiriş ýerleşdirildi, emma gaçgak geçiniň eýesi ses berenok.Eger eýesi tapylmasa, geçiniň ýörite saklawhana gowşuryljakdygyny polisiýa habar berdi diýip, Gazeta.ru ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Tailandda 200-den gowrak maýmyn saklawhanadan gaçdy
2-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Ýaý atyjy açar sokulýan deşikden ýedi peýkam geçirdi
Ýaý atyjy gapynyň gulpundan ýedi peýkam geçirdi
Kristiano Ronaldonyň täze kluby belli boldy
“Interden” soň “Milan” hem soňky minutlarda ýeňşi elden giderdi