Günorta Hytaý Deňizinde Nebit Ätiýajy Tapyldy

Günorta Hytaý Deňizinde Nebit Ätiýajy Tapyldy

Bu barada Hytaýyň Milli deňizaşa nebit firmasy beýannama berdi.

Beýannama görä ýurduň günortasyndaky Guangdong welaýatynyň 300 kilometr alysynda Kaýping günorta açyk deňiz nebit giňişliginde täze ätiýaç tapyldy.

Okean çuňlugy ortaça 500 metr bolan nebit giňişliginde 100 million tonna ýeňil nebit gorunyň tapylandygy habar berildi.

Nebit firmasynyň ýokary derejeli ýolbaşçysy Kou Sinhua çuň deňiz gözleginiň we burawlaýyş işiniň ýurtdaky nebit hem-de tebigy gaz önümçiligini artdyrjakdygyny beýan etdi.

Hytaýyň demirgazygyndaky Buhaý deňizi bilen günortasyndaky günorta Hytaý deňizinde açyk deňiz nebit we tebigy gaz burawlaýyş işlerini alyp barýan firma 2024-nji ýylda 700-720 million barrel nebit çykarmagy maksat edinýär.

Ýene degişli makalalar

Hytaýda dünýäde iň tiz internet peýda boldy
Türkmenistanyň wekiliýeti V Bütindünýä media-sammitiniň işine gatnaşdy
Türkmen wekiliýeti 5-nji Bütindünýä Metbugat sammitine gatnaşýar
Türkmenistanyň wekiliýeti 5-nji Bütindünýä Metbugat sammitine gatnaşýar
Türkmen hokkeýçileri hytaý toparyndan utulyp, 'söweş' üçin temmi aldy
Wan I Hytaýyň daşary syýasat edarasynyň täze başlygy boldy