Günorta-Gündogar Aziýada iň iri erkin söwda zolagy dörediler

Günorta-Gündogar Aziýada iň iri erkin söwda zolagy dörediler

Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň assosiasiýasynyň (ASEAN) şu ýylyň 12-15-nji noýabr aralygynda onlaýn görnüşinde Wýetnamyň başlyklyk etmeginde geçirilen 37-nji sammitinde giňişleýin sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Ylalaşyga (RCEP) gol çekildi. Bu barada “China Daily” şenbe güni habar berdi.

“Giňişleýin sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Ylalaşyga üstünlikli gol çekilmegi köptaraplylygyň we erkin söwdanyň ýeňişidir” diýip, Hytaýyň premýer-ministri Li Kesýan belledi.

Bellenilişi ýaly, dünýä ilatynyň, dünýä jemi içerki önüminiň we dünýä söwdasynyň 30% Ylalaşyga gatnaşýan 15 döwletiň paýyna düşýär. Dünýäniň depginli ösýän sebitinde iri erkin söwda zolagynyň döredilmegi pandemiýa döwründen soň global ykdysadyýetiň tiz wagtda dikelmegine ýardam berer.

Gol çekmek dabarasynyň barşynda Wýetnamyň premýer-ministri Nguen Suan Fuk Ylalaşygyň ASEAN ykdysady guramasynyň gurluşyny güýçlendirmäge hem-de assosiasiýa umumy abadançylyk üçin hyzmatdaşlygy ösdürmekde depginli we kuwwatly hyzmatdaş bolmaga mümkinçilik döretjekdigini nygtady.

Ylalaşyga 2012-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri geçirilen 30-dan gowrak gepleşiklerden hem-de gurama gatnaşyjy döwletleriň ýolbaşçylarynyň we ministrleriniň birnäçe konsultatiw duşuşyklaryndan soň gol çekildi.

1967-nji ýylda döredilen Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň assosiasiýasynyň düzümine 10 ýurt Bruneý, Kamboja, Indoneziýa, Laos, Malaýziýa, Mýanma, Filippinler, Singapur, Taýland we Wýetnam girýär. RCEP Ylalaşygyna bu ýurtlar bilen bir hatarda Hytaý, Ýaponiýa Günorta Koreýa, Awstraliýa we Täze Zelandiýa gol çekdiler.

Ýene degişli makalalar

Lawrow we Bruneýiň daşary işler ministri zenanlar hem-de erkekler barada degişdiler
Kambojanyň paýtagtynda ASEAN-yň 40-njy we 41-nji sammitleri açyldy
Iň uly erkin söwda zolagy
Sammit Waşingtonda geçiriler
ABŞ-ASEAN ýurtlarynyň gatnaşyklarynda täze döwür
Aziýa Ýuwaş umman ýurtlary dünýädäki iň uly erkin söwda şertnamasyna gol çekdiler