Günorta Amerikanyň sungat we medeniýet merkezi Buenos-Aýres

Günorta Amerikanyň Pariži hasaplanýan Buenos-Aýres şäheri öz lakamyny şäherdäki kafelerden, uly bulwarlaryndan we ýewropaly egindeşlerinden kem galmaýan iýmit we aşhana medeniýetinden alýar.

Argentinanyň paýtagty Buenos-Aýres şäheriniň üç milliona golaý ilaty bar. Şäheriň ady ýakymly howa diýen manyny berýär. Ýaşaýjylarynyň mylakatly gatnaşyklary, aýdym-sazy, ilatynyň şadyýanlygy we dürli naharlary bilen muşdaklaryny özüne çekýän Buenos-Aýres şäheri 2012-nji ýylda Günorta Amerikanyň iň köp syýahat edilen şäheri boldy. 2018-nji ýylda bolsa, bu şäher 2,7 million syýahatçyny myhman aldy.

Sungat muşdaklary üçin Buenos-Aýres merkezi şäherleriň biri bolup durýar. Meşhur Teatro Colón teatry dünýädäki iň esasy üç operanyň biri hasaplanýar. Janly operalar bilen bir hatarda teatrda gezelenç etmek üçin syýahatlar gurnalýar. Nestor Kirchner medeniýet merkezi öz ugrunda Latyn Amerikanyň iň ulusy hasaplanýar. Häzirki zaman sungat eserleriniň janköýerlerini bolsa Graffitimundo syýahatlary we Malba sungat merkezi garşy alýar.

Buenos-Aýresde syýahatçylara ilki bilen şäheriň Milli taryh muzeýini aýlanyp görmek maslahat berilýär.Bu muzeýde 1500-nji ýyllardan 1900-nji ýyllaryň başlaryna çenli Argentinanyň taryhy bilen tanyşmak bolýar.

Milli muzeý bilen bilelikde San Telmo bazary hem şäheriň medeni gymmatlyklaryna ýakyndan tomaşa etmäge mümkinçilik döredýär.Bu bazarda dürli görnüşli sowgatlyk harytlary bilen bir hatarda köçe şüweleňlerine hem şaýat bolup bilersiňiz.

Plaza de Mayo atly meýdança şäheriň merkezi ýeri hasaplanýar. Café Tortoni bolsa, şäheriň iň meşhur kafeleriniň biridir. 1858-nji ýylda açylan bu kafede şäheriň esasy taryhy wakalary suratlandyrylýar, agşamlaryna jaz we tango çykyşlary guralýar.

Argentinanyň milli tansy bolan tangonyň inçe syrlaryny öwrenmek, iň bolmanda birnäçe hereketini bilmek Buenos-Aýresiň ýerli medeniýetini tutuş bedeniň bilen duýmagyňa mümkinçilik döredýär. Köçelerde we dürli görnüşli ýapyk binalarda günortandan başlap, ýarygijä çenli dowam edýän tango tans çärelerini görmek bolýar.

Buenos-Aýres şäheriniň hakyky şowhunyna tomaşa etmek üçin şäheriň futbol medeniýeti bilen ýakyndan tanyşmak hökmandyr. Şäherde iki sany uly futbol stadiony bar.Olardan La Bombonera stadiony Boka-Huniors, El Monumental stadiony bolsa Riwer Pleýt futbol toparlaryna degişlidir.

Buenos-Aýresiň futbol ruhy bolsa, bu iki toparyň arasyndaky duşuşyklarda ýüze çykýar.Superclásico atly bu futbol duşuşygy dünýäniň iň meşhur derbileriniň biri hasaplanýar.

Argentinanyň paýtagtyna syýahat etmek üçin iň amatly möwsüm mart we maý aýlarynyň, şeýle hem sentýabr we noýabr aýlarynyň aralygy bolup durýar. Bu aýlarda Buenos-Aýresiň howasy has jana ýakymly bolýar. Şeýle hem syýahatçylaryň aglaba bölegi syýahatlaryny oktýabr aýyna, ýagny jakaranda agaçlarynyň gülleýän döwrüne görä sazlamagy makul bilýärler.

Buenos-Aýresiň içinde syýahat etmek üçin metrolara, awtobuslara we taksilere münüp bilersiňiz. Şäherde Günorta Amerikanyň iň taryhy metrosy hereket edýär. 1913-nji ýylda gurlan Buenos-Aýres metrosy 46 kilometr uzynlygynda bolup, 80 stansiýasy bar.

Ýene degişli makalalar

Kiçijik Leo nädip Messi boldy
Çempion “Boko Huniors”
“Real Madridiň” yzly-yzyna 3-nji çempionlygy
Dünýäniň täsin stadionlary 3
Ak lentalaryň astynda gazanylan çempionlyk (Dünýä Kubogy 1978)
4 ýyl öň şu gün…