Günorta Amerikadaky howa bilen bagly kofeniň bahasy 12 göterim arzanlar

Günorta Amerikadaky howa bilen bagly kofeniň bahasy 12 göterim arzanlar

Arabika sortly kofeniň nyrhy Günorta Amerikada hasyl üçin ýaramly howa bilen baglylykda ýylyň aýagynda bir kirbeňke (409,5 grama barabar agram ölçegi) üçin 2 ABŞ dollaryna çenli arzanlap biler. Bu barada Rabobank edarasynyň oba hojalyk önümleriniň bazaryny seljeriş bölüminiň başlygy Karlos Mera beýanat berdi. Bu barada “Interfaks” ýazýar.

Şeýle çaklama häzirki wagtda biržada kotirlenmeleriň bir kirbeňke üçin 2,27 dollara deň bolan görkezijiden 12 göterim pese gaçjakdygyny aňladýar.

Seljerijiniň pikirine görä, kofe bolan dünýädäki isleg ýylyň başyndan 2 göterim artar, öň bilermenleriň köpüsi muny 3,5 göterim derejede bahalandyrýardy.

Kofe bazarynda soňky iki ýylda güýçli nyrh üýtgemesi hasaba alynýar, mysal üçin, 2021-nji ýylyň başynda arabika üçin fýuçersler bir kirbeňke üçin 1,25 ABŞ dollar derejede pese gaçan bolsa, 2022-nji ýylyň fewralynda 2,60 ABŞ dollaryna deň boldy.

Ýene degişli makalalar

Gipoglikemiýa üçin käbir tebigy teklipleri
Her bulgurda tehnologiýa: Braziliýa kofe önümçiligini döwrebaplaşdyrýar
Lukman kofeden birbada ýüz öwürmezligi maslahat berdi
Yssy howada haýsy içgileri içmek maslahat berilmeýär?
Gubuzlyk üçin tebigy çözgüt teklipleri
Türk Kofesi