Günorta Afrikaly ýazyjy Deýmon Gelgut Buker baýragynyň ýeňijisi boldy

Günorta Afrikaly ýazyjy Deýmon Gelgut Buker baýragynyň ýeňijisi boldy

Londonda Edebiýat boýunça Buker baýragynyň 2021-nji ýyldaky ýeňijisi yglan edildi. Baýraga Günorta Afrikaly ýazyjy Deýmon Gelgut “Wada” (The Promise) romany üçin mynasyp boldy. Bu barada RIA Nowosti habar berdi.

Gelgut 1963-nji ýylda Pretoriýada doguldy. Alty ýaşynda oňa rak diýlip kesel kesgidi goýuldy. Onuň özi bu keseli "durmuşdaky möhüm we bagtsyz hadysa" diýip häsiýetlendirýär. Gelgut drama ugry boýunça Keýptaun uniwersitetinde bilim aldy. Ol özüniň ilkinji romanyny 17 ýaşynda neşir etdi.

Bu ýyl baýraga Gelgutdan başga-da Anuk Arudpragazam ("Demirgazyga barýan ýol", A Passage North), Patrişa Lokwud ("Bu barada hemmeler dymýar", No One is Talking About This), Nadifa Mohamed ("Garadan gaýtmazlar", The Fortune Men), Riçard Pauers ("Bulaşyklyk", Bewilderment), Meggi Şipsted ("Uly aýlaw", The Great Circle) dagylar dalaşgärlik etdiler.

Ýene degişli makalalar

Artistler ýylyň iň gowy aktýor we aktrisalaryny saýlaýar
Buker edebiýat baýragyna dalaşgärleriň deslapky sanawy yglan edildi
Çarwadarlaryň Oskary
93-nji OSKAR BAÝRAKLARYNYŇ ÝEŇIJILERI
Saha Türkçesi - 1
2023-nji ýylyň iň gowy kitaplary saýlandy