Günorta Afrikada BRIKS sammiti açylýar

Şu gün Günorta Afrika Respublikasynyň Ýohannesburg şäherinde BRIKS toparynyň XV sammiti (Braziliýa, Russiýa, Hindistan, Hytaý, Günorta Afrika) açylýar.Afrikadan we dünýäniň beýleki sebitleriniň ösýän ýurtlaryndan 60-dan gowrak döwlet we hökümet Baştutany Ýohannesburgda ýygnanyp, global syýasat, halkara howpsuzlyk we söwda bilen baglanyşykly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.

Bu syýasy çärä birleşigiň bäş lideriniň dördüsi – Günorta Afrikanyň Prezidenti Siril Ramafosa, Hytaýyň Başlygy Si Szinpin, Braziliýanyň Prezidenti Luis Inasio Lula da Silwa we Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi gatnaşar.

Sammitde Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin hem çykyş edip, wideo baglanyşygy arkaly kärdeşlerine goşular. Şeýle hem bu sammite 20-den gowrak halkara guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşar.Daşary işler ministri Sergeý Lawrow sammitde Russiýa Federasiýasyna wekilçilik eder. “BRIKS we Afrika – çalt ösüş, durnukly ösüş we köpugurlylyk üçin hyzmatdaşlyk” maslahatyň esasy mowzugy bolar.

Sammitiň jemleýji gününde “BRIKS-iň dostlary” görnüşinde duşuşyk geçiriler.Günorta Afrikanyň meýilnamalaryna görä, global Günorta forumy dünýädäki ornuny birnäçe gezek berkidip, halkara gatnaşyklarynyň tutuş ulgamyny düýpgöter özgertmegi maksat edinýär. Şol bir wagtyň özünde, Günorta Afrika Respublikasynyň wekilleriniň pikiriçe, BRIKS topary global Günortanyň (Aziýa, Afrika, Latyn Amerikasy we Karib deňzi) lideri bolmaly we has adalatly halkara tertibini döretmek işine ýolbaşçylyk etmeli.

Häzirki sammitde, BRIKS ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň gün tertibinde üç mesele orta atylar. Bular ykdysadyýetde we maliýe pudagynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we giňeltmek; syýasatda we howpsuzlyk pudagynda hereketleri mundan beýläk-de utgaşdyrmak; ynsanperwerlik pudagyna üns bermek, jemgyýetçilik we medeni derejede birleşigiň halklarynyň arasynda özara gatnaşyklaryň dürli görnüşlerini höweslendirmek ýaly ugurlardan ybaratdyr.

Guramanyň täsiri artdygyça, ýurtlaryň köpüsi BRIKS-e goşulmaga gyzyklanma bildirýär, şu güne çenli 40-dan gowrak ýurt öz pikirini mälim edip, şolardan 23-siniň resmi arzalaryny iberdi. Olar Alžir, Argentina, Bangladeş, Bahreýn, Belarus, Boliwiýa, Wenesuela, Wýetnam, Gonduras, Müsür, Indoneziýa, Eýran, Gazagystan, Kuba, Kuweýt, Marokko, Nigeriýa, Birleşen Arap Emirlikleri (BAE), Palestina, Saud Arabystany, Senegal, Taýland we Efiopiýa.

BMG-niň hünärmenleriniň pikiriçe, BRIKS ýurtlary dünýä ilatynyň 42%-ini, dünýä jemi içerki önüminiň 27%-ini we halkara söwdasynyň 29%-ini eýeleýär. Häzirki sammit 24-nji awgusta çenli dowam eder. Günorta Afrikadan soň BRIKS-iň başlyklygy Russiýa geçer we indiki sammitiň Kazanda geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

“Modi, Russiýa-Ukraina Söweşiniň Bes Edilmeginde Esasy Rol Oýnap Biler"
Hindistanyň saýlaw topary partiýalara özüňi alyp barmagyň düzgünlerini ýatlatdy
Eýranyň Prezidentiniň Ýogalmagyna Uly Gynanç Bildirilýär
Hindistanda şu gün Parlament saýlawlary başlanýar
Hindistanda Tupan Sebäpli 5 Adam Ýogaldy
Hindistandaky tebigy apatlarda 5 adam ýogaldy