Ýurduň Saglygy goraýyş ministri Joe Phaahla beren beýanatynda, wakada ýaralanan ýene-de 5 adamyň ýogalmagy bilen ýogalanlaryň sanynyň 15 adama ýetendigini habar berdi.
Phaahla, ýogalanlaryň 3-siniň partlamanyň täsiri bilen zyýan ýeten golaýdaky hassahananyň işgärlerinden ybaratdygyny mälim etdi.
Gara ýollary müdürliginiň metbugat sekretary Simon Zwane partlamanyň wakanyň bolan ýerinden 5 km alysda hem duýulandygyny beýan etdi.
Ýohannesburgyň Boksburg diýilän ýerinde köpriniň aşagynda galan ýangyç tankeri, sürtülmäniň netijesinde ot alyp, partlady.