Güneşli zaman ähli önümleri kepillendirilen mebel toplumlaryny öndürýär

Güneşli zaman ähli önümleri kepillendirilen mebel toplumlaryny öndürýär

Ýaňy-ýakynda Güneşli zaman kärhanasynyň esasynda täze mebel önümçiligi ýola goýuldy. Güneşli Zaman Mebel önümçilik kärhanasynyň işini ýola goýmak bilen, ony esaslandyryjylar gozgalmaýan emläkleri satyn almak we satmak, öýleri we kottejleri Ýewropa standartlaryna laýyklykda bezemek we gurmak boýunça köp ýyllyk tejribä eýe bolup geldiler.

Kärhananyň hünärmenleri Güneşli Zaman Mebeliň işiniň üstünlik gazanmakdaky açaryny müşderileriň isleglerini kanagatlandyrmak hasap edýärler.

Kärhana bu ýerden bahasy 100 müň manatdan ýokary bolan mukdarda söwda edýän müşderilere dizaýnerlik oturgyjyny sowgat hökmünde berýär.

Halkara standartlaryna laýyk gelýän bu mebellere Güneşli Zaman Mebel 1 ýyllyk we ondan-da köp möhlet bilen kepillik berýär.

Mebel kärhanasy sargyt esasynda aýratyn mebel dizaýn taslamasyny durmuşa geçirmegiň ähli tapgyrlarynda müşderileri otagy ölçemekden başlap, eskiz taýýarlamak we garnitura gurnamak işlerine çenli tanyşdyrýan maslahatçy hünärmeni berkidýär.

Güneşli Zaman Mebel kaşaň mebel önümçiligi pudagynda ekologiýa taýdan arassa mebelleri öndürmäge ýöriteleşendir. Önümçilik üçin zerur bolan agaçlar, esbaplar we mebel matalary degişli önümçilik pudagynyň çig mallaryny we düzüm böleklerini üpjün ediji öňdebaryjy paýlaýjylardan satyn alynýar.

Sargyt etmek üçin kärhananyň Aşgabat şäherinde ýerleşýän şu salgylaryna ýüz tutup bilersiňiz:

Aşgabat ş., 1953-nji köçe (Molodýožnaýa), 60-njy jaý; Bitarap Türkmenistan şaýoly, jaý 166/1, Altyn Luw binasy, 3-nji gat.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +99312 95 50 14;

IMO: +99365 44 60 31.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Güneşli zaman HK özbaşdak sargytlar boýunça mebel önümçiligine başlady
Öý hojalykçy aýallar Halkara zenanlar güni mynasybetli özleriniň ala tutulýandyklaryny aýdýarlar
Aýbölek kärhanasy täze okuw ýylyna çenli mekdep mebelleriniň köpdürli görnüşlerini öndürer
Zemmhome aşhana we naharhana üçin dürli hili mebelleri alyjylara ýetirýär
Nurgala mebelden ýokary hilli hem elýeterli önümleri alyp bilersiňiz!
Oturgyçlaryň “hasyly”