Güneşli söwda merkeziniň gurluşygy tamamlandy, Aşgabatda ýoga boýunça sapak geçirildi, türkmen paýtagtynyň teatrlary spektakllara çagyrýarlar

Güneşli söwda merkeziniň gurluşygy tamamlandy, Aşgabatda ýoga boýunça sapak geçirildi, türkmen paýtagtynyň teatrlary spektakllara çagyrýarlar

1. Çoganlyda täze Güneşli söwda merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Onda uly supermarket, ýigrimi sany azyk, senagat we gurluşyk harytlarynyň dükanlary ýerleşýär. Şeýle hem ýaşaýyş toplumynyň ilatyny ter çörek önümleri bilen üpjün etmek üçin öz çörek bişirilýän ýeri bardyr.

2. Aşgabatda ýoga boýunça sapak geçirildi, oňa 80-den gowrak adam gatnaşdy. Bagtyýarlyk sport toplumyndaky Ýoga merkezinde geçirilen çäre Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guraldy.

3. Aşgabadyň teatrlary türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny täze sahna eserlerine çagyrýarlar. A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynda Uýalar spektaklynyň ilkinji görkezilişi geçiriler. Mollanapes adyndaky talyplar teatrynda täze Dawa nämeden başlanýar? spektakly görkeziler.

4. Türkmenistanyň milli bilim institutynda mugallymlaryň hünär derejesini kämilleşdirmek boýunça okuwlar guraldy. Okuwlara orta mekdeplerde Türkmenistanyň taryhy, dünýä taryhy, dünýä medeniýeti, ykdysadyýetiň esaslary, geografiýa, jemgyýeti öwreniş, Türkmenistanyň döwlet we hukuk esaslary ýaly ynsanperwer ugurlar boýunça bilim berlişine jogap berýän sebitleriň Bilim bölümleriniň hünärmenleri we usuly birleşmeleriň ýolbaşçylary diňleýji hökmünde gatnaşdylar.

5. Aşgabatda 10-njy oktýabrdan başlap Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli birnäçe medeni çäreleriň geçirilmegine garaşylýar.

6. HHR-niň Başlygy Si Szinpin Türkmenistan Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň gurluşygyny goldady. Bu barada Hytaýyň Baştutany türkmen kärdeşi bilen Samarkantda ŞHG-niň çäklerinde geçirilen duşuşykda belledi.

7. Ýelizaweta II-ni jaýlamak üçin Türkiýeden 500 müňden gowrak gül getiriler. Ýükleri daşamak işini Turkish Cargo amala aşyrar, ol eýýäm hepdäniň başyndan bäri Londona 4 tonna gül getirdi.

8. Dünýäniň iň iri lomaý we bölek söwda zynjyry Walmart alyjylaryna geýimleri geýip görmek üçin wirtual mümkinçiligi hödürleýär. Indi ähli isleg bildirýänler ol ýa-da beýleki lybasyň özlerine nähili gelişýändigini synlap bilerler. Munuň üçin öz suratyňy Be Your Own Model goşundysyna ýüklemeli.

9. Şu gün futbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty 2022-niň 10-njy aýlawynyň duşuşyklary geçiriler. Ahal myhmançylykda Marynyň Energetigi bilen duşuşar, Altyn asyr öz meýdançasynda Türkmenbaşy şäheriniň Şagadam toparyny kabul eder, Aşgabat öz öýünde Merw bilen güýç synanyşar, Nebitçi bolsa Balkanabatda Aşgabadyň Köpetdagy bilen duşuşar.

Ýene degişli makalalar

“Walmart” wirtual programma enjamlaryny hödürleýär
Dünýäniň iň gymmat brendleri
Ylalaşyklaryň möçberi artýar
ABŞ-a importy gadagan edilen türkmen pagtasynyň önümleri’ Amazon’ we Walmartda’ satylýar
Hökümet pagta planyny artdyrjakdygyny aýdýar, hukuk toparlary mejbury pagta önümçiligine ünsi çekýär
Türkmen pagtasynyň önümçiligindäki mejbury zähmet onuň Türkiýäniň üstünden dünýä çykarylmagyna kölege salýar