Günebakar ýagy has gymmat bahadan satuwda peýda boldy

Günebakar ýagy has gymmat bahadan satuwda peýda boldy

Balkan welaýatynda günebakar ýagy iki hepdä golaý arakesmeden soň satuwda peýda boldy. Ösümlik ýagynyň satylyp başlanmagyna begenen ýerli ýaşaýjylar bahalaryň iki esseden gowrak artanlygyny görüp lapykeç boldular.

Balkanyň hususy söwdasynda günebakar ýagy az möçberde we gymmatlan görnüşde bolsa-da, penşenbe güni hususy söwdada peýda boldy diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar.

Şu günler hususy söwda nokatlarynda günebakar ýagynyň dört görnüşi satylýar. Öň 18 manada duran arzan ýagyň bir litri 36 manatdan satylýar. Şeýle-de Orsýetde öndürilen ösümlik ýagynyň üç görnüşi 42 we 68 manat aralygynda bahalanýar.

Balkanabadyň we Türkmenbaşynyň bazarlarynda hem dükanlarynda günebakar ýagy her adam başyna bir litrden köp satylmaýar.

Günebakar ýagy oktýabryň başynda birden gymmatlapdy we satuwdan doly aýrylypdy. Iki hepdä golaý wagtdan soň Lebap, Mary welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde ösümlik ýagy çäkli möçberde döwlet dükanlarynda peýda boldy. Türkmenabatda günebakar ýagynyň satylan wagtynda uly nobatlarda dawa ýüze çykdy.

Şu günler Balkanyň söwda nokatlarynda ösümlik ýagynyň gaýtadan satylyp başlanmagy ýerli ilaty hem begendirdi, hem-de alada galdyrdy. Täze nyrhlar ilat köpçüligi üçin elýeterli däl.

"Adamlar birden satuwdan aýrylan ösümlik ýagynyň soň 120% çenli gymmatlamagynyň sebäplerini sorap, özleriniň satyn almak ukybynyň pesdigi barada söwda resmilerine eden şikaýatlary, arzan ýag paýok sorap eden talaplary kanagatlandyrylmaýar we hatda diňlenmeýär" diýip, balkanabatly çeşme aýdýar.

Ösümlik ýagynyň gytalyp, gymmatlamagynyň fonunda Balkanabadyň daýhan bazaryndaky döwlete degişli uly söwda dükany bir hepdeden gowrak wagt bäri ýapyk, gapysyna gulp asylgy dur.

Azatlygyň habarçysynyň bellemegine görä, bu döwlet dükany ösümlik ýagy, ýumurtga, towuk, düýe eti, alma we beýleki gök-bakja önümlerini bazar nyrhyndan uly tapawudy bolmasa-da, sähelçe arzan satýardy. Bu önümleriň hyrydary köp bolýardy.

"Adamlaryň ösümlik ýagyna bolan talabynyň aşa köpelmegi bilen döwlet dükan satyjylary her gün müňe golaý adamyň ýag sorap gelýändigini aýtdylar.Uruş, dawa we ýakalaşma ýaly ýagdaýlar hem geçen hepde döredi.

Dükanyň gapysy, aýnalary döwüldi, adamlar biri-birini depeläp, kiçiräk şikes alanlar hem boldy. Şu ýagdaýlar döwlet dükanynyň wagtlaýyn ýapylmagyna getirdi" diýip, dükanyň işinden habarly çeşme anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Balkan welaýatynyň söwda pudagyndaky çeşme sebite degişli döwlet dükanlarynyň sanyny azaltmak we dükan satyjylaryň sanyny çäklendirmek meselesine seredilýär diýip gürrüň berdi.

"Buýruk geldi. Köp döwlet dükanlary indi ozalky ýaly paýok görnüşdäki azyk harytlary satmagy doly togtatdy, diňe baýramçylykda göçme söwdalar guralýar onda hem möhüm harytlar bolmaz. Alma, apelsin ýaly bazarlardaky miweler, gazly we şireli suwlar, süýji, köke önümleri satylar" diýip çeşme anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy bu maglumaty resmi görnüşde tassyklap bilmedi.

Bu aralykda Aşgabadyň söwda nokatlarynda ösümlik ýagynyň we käbir beýleki azyk harytlarynyň gytçylygy döredi.

"Düýn we şu gün satuwda ösümlik ýagynyň hiç bir görnüşi tapdyrmady. Şu gün gaplanan süýt hem tapylmady. Türkmenistanda öndürilen süýt hem-de Eýrandan getirilýän süýt satuwda ýok" diýip, Aşgabatdaky habarçymyz 18-nji oktýabrda habar berdi.

Türkmenistanda azyk defisiti ýedi ýyl bäri dowam edýär. Bu problemany düýpden boýun almaýan hökümet içerki bazaryň azyk harytlary bilen üpjünçiliginiň wagtal-wagtal gowşamagynyň sebäplerine resmi düşündiriş bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenabatda azyk nobatynda ýakalaşyk boldy
Konstitusiýadaky kanundan başlap, doly gadagançylyga çenli. Dünýäde aborta bolan mümkinçilikde nämeler ýüze çykýar?
Merkezi Aziýa Ukrainada uruş tamamlanandan soň: Hytaý sebitden Russiýany gysyp çykararmy?
Maryda, Lebapda we Balkanda günebakar ýagy satylmaýar
Türkmenbaşyly alyjylar 'arzan' ýagyň 'gymmat' miwe suwy bilen satylmagyna açyk garşylyk bildirdiler
Uruşda haraba öwrülen Sudanda gytçylyk agyrlaşýar