Gündogaryň meşhur lukmany Abu Aly ibn Sina bagyşlanan ylmy maslahat

22-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleriniň hem-de Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramagynda Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň umumadamzat ähmiýetli mirasy atly halkara ylmy maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp, şu ýylyň 11-nji oktýabrynda guralmagy meýilleşdirilýän utgaşykly görnüşdäki foruma ýurdumyzyň hünärmenleri bilen birlikde, daşary ýurtlaryň birnäçesinden alymlaryň, professorlaryň we mugallymlaryň gatnaşmagyna garaşylýar.

Bu maslahatyň halkara ylmy hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, Abu Aly ibn Sinanyň köptaraply mirasyny, bitiren hyzmatlaryny açyp görkezmek babatda ähmiýeti örän uly bolar.Foruma gatnaşyjylar Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde geçiriljek çärelere gatnaşarlar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Gündogaryň meşhur akyldarynyň ylmy mirasynyň gymmatlylygyna, şeýle hem häzirki zaman lukmançylygynda giňden ulanylýan maslahatlaryna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ýola goýlan netijeli halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin şeýle çäreleriň aýratyn ähmiýete eýedigini belläp, wise-premýere bu forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Buharadaky festiwala müň tonnadan gowrak gawun-garpyz getirildi
Köneürgenç Merkezi Aziýanyň derwezesi
SYN
Atgulak dermanlyk ösümlik
Saglyk baş baýlyk
Türkmenistanda Garaşsyzlyk güni mynasybetli iş kesilenleriň 1 müňden gowragynyň günäsi geçildi, 1,3 müňden gowrak adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi, Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda ýaşaýyş jaýlary açyldy we beýleki habarlar