Hormatly Prezidentimiz “Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda öz ylmy, taýsyz açyşlary, döredijilik mirasy bilen umumadamzat ösüşine mynasyp goşant goşan şahsyýetleriň atlaryny buýsanç bilen beýan edip, olaryň bitiren işlerine ýokary baha berýär. Şeýle şahsyýetleriň hatarynda Nejmeddin Kubra, Hoja Ýusup Hemedany, Abu Sahyt as-Samany al-Merwezi, Muhammet ibn Nejip Bekran, Abul Fazyl, Ibn Sina, Alyşir Nowaýy, Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy ýaly ençeme akyldarlar bar.Özüniň ylmy taglymatlary, dürdäne döredijiligi we pelsepewi garaýyşlary bilen öz adyny halk hakydasyna baky ýazmagy başaran Abu Seýit Abul Haýyr hem şeýle şahsyýetleriň biridir.
Halk içinde Mäne baba ady bilen tanalýan bu şahsyýet hakynda hormatly Prezidentimiziň nusgawy kitabynda şeýle diýilýär: “Sarahsdan demirgazyk-günbatara gidilende, sebitde o diýen uly bolmasa-da, ady bir akyldar şahsyýetiň abraýy hem-de şöhraty bilen beýgelen, XI asyryň belli şäheri Mänä gelýärsiň.
Bu şäherde ýaşan akyldar Abu Seýit Abul Haýyr (967-1049) sufizmiň köp asyrlardan soň hem uly hormat bilen ady tutulýan görnükli wekilleriniň biridir.Halkymyzda bu şahsyýet Mäne baba ady bilen meşhurdyr”.Abu Seýit Abul Haýyr Mäne obasynda her-hili müşk-anbarlary, atyrlary, däri-dermanlary ýasaýan Abul Haýyr Muhammet ibn Ahmediň maşgalasynda dünýä inipdir.
Onuň kakasy Abul Haýyr Mahmyt Gaznawynyň ýakyn dostlarynyň biri bolupdyr.Ol köşgi, şanyň maşgalasyny müşki-anbarlar bilen üpjün edip duransoň, Abu Seýidiň kakasyna patyşa hazynasyndan belli möçberde hak töläpdir.Kakasy myhmansöýer, sahawatly adam bolansoň Abu Seýit ýaşlygyndan kakasynyň terbiýesini alypdyr. Ýagşyzadalaryň, ylym-bilimden sowatly kişileriň söhbetlerini diňläpdir. Ýaşlygyndan ylym ýoluna düşüp, mukaddes Gurhany-Kerimi tutuşlygyna ýat bekläpdir.
Mäne şäherinde bilim alansoň, bilimini çuňlaşdyrmak maksady bilen Sarahsda, Merwde, Nişapurda öz döwrüniň şahsyýetleri Abu Abdylla al-Nazarydan, Abul Fazyl Sarahsydan, Abdyrahman Selimiden tälim alyp, pelsepe ylmynyň kämillik derejesine ýetipdir.Mäne Baba öz döwründe ençeme meşhur alymlar bilen döredijilik gatnaşyklaryny saklapdyr.
Olaryň biri hem döwrüniň meşhur alymy Ibn Sinadyr.Bir sapar olar Nişapurda duşuşypdyrlar. Şol ýerde dünýäniň iki ägirdi üç günläp hüjreden çykman, dünýäniň ençeme meseleleri dogrusynda söhbet edipdirler.
Bu söhbet hakynda hormatly Prezidentimiz kitabynda şeýle rowaýaty getirýär: “Mäne baba gepleşip otyrkalar, käsäni ýokary zyňýar, käse bolsa, howada aslyşyp durýar.Mäne baba myhmanyna şeýle diýýär: “Siz, alymlar, fizikanyň kanunyna salgylanyp, tutuş tebigaty boýunça ähli jisimler merkeze ymtylýarlar diýýärsiňiz.
Näme üçin käse özüniň agramynyň bardygyna garamazdan, howada asylyp dur, aşak gaçmaýar?”.Ibn Sina şonda oňa şeýle jogap beripdir: “Siziň ýatlap geçen fiziki kanunyňyz merkeze ymtylmagyna hiç bir zat päsgel bermeýän jisimlere degişli.
Käse bolsa, siziň erkiňiz bilen ýokarda asylyp dur, şonuň üçinem aşak gaçyp hem bilmez”.Hormatly Prezidentimiz bu iki şahsyýetiň bir-biriniň ylmyna göwni ýetendigini: “Ibn Sinanyň Mäne baba hakda: “Meniň bilýän zatlarymy ol görýär”, Mäne babanyň Ibn Sina hakda bolsa: “Ibn Sina meniň görýän ähli zadymy bilýär” diýen sözler bilen beýan edýär.Mäne Baba öz döwrüniň uly piri, görnükli alymy bolmak bilen, halkyň hemme taraplaýyn ösmegine öz bilimini, gujur-gaýratyny sarp edipdir.
Ynsanperwer, sahy, halal bolmak, birek-birek bilen hemişe ýürekdeş, agzybir ýaşamak onuň döredijiliginiň esasyny düzüpdir.Gadymy Seljuk döwletiniň beýik şahsyýetleri hem oňa uly hormat goýupdyr.Meselem, Mäne Babanyň maslahaty bilen Merwi paýtagt eden Togrul beg hemişe ondan maslahat sorapdyr.
Mäne Baba gol goýmasa, Togrul beg hiç bir permana gol goýmandyr we ony güýje girizmändir.Gadymy Abywert şahyryň önüp-ösen mekany hemişe oňa ruhy lezzet beripdir.Dana akyldar atasynyň kärine eýerip, Haweran düzlüginde bitýän geň-enaýy güllerden müşk-anbarlary ýasapdyr.
Ol:Haweranda geçen ömrüm har däldir,Munda maňa dahylsyz kär kar däldir,Seniň didaryňa, seniň roýuňa,Bir janym däl, müň jan bersem ar däldir diýip, ykbalynyň badaşan topragyny jan-dilden söýüpdir.Mäne Baba 82 ýyl ömür sürüp aradan çykypdyr.
Beýik akyldar aradan çykandan soň, Gündogarda ol hakynda birnäçe eserler döredilipdir. Şeýle eserleriň biri Muhammet Minewweriň “Mäne babanyň keramatlaryndan we halatlaryndan hekaýatlar” kitabydyr.Awtor kitabynda Mäne babanyň durmuşy bilen baglanyşykly halk hakydasynda galan ýatlamalary, beýik şahsyýetiň dünýä baradaky garaýyşlaryny beýan edipdir.
Bu babatda ýazyjy Ahmet Halmyradyň “Abu Seýit Abul Haýyr” kitabyny-da görkezmek bolar. Ýazyjy kitabynda Mäne babanyň: “Men tapan zatlarymyzyň baryny gije ukyny, gündiz arkaýynlygy, gije-gündiz maly dünýäni, nebsimi terk edendigim üçin tapdym” diýen parasatly garaýşyndan ugur alyp döredipdir.
Kitapda beýik şahsyýetiň ömri we döredijiligi barada gymmatly maglumatlar beýan edilýär.Mäne Babanyň halkyna goýan edebi mirasy bakylyga eýedir.Beýik akyldaryň paýtagtymyzyň “Ylham” seýilgähindäki heýkeli watançylygyň, ynsanperwerligiň, pähim-paýhasyň belent nusgasy bolup howalanyp dur.
Dädebaý GURBANOW,Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.