Gündogaryň beýik söz ussady

Pars şahyry Abulkasym Mansur Hasan Ferdöwsi biziň sebitlerimizde hem uly meşhurlyga eýedir.Ferdöwsi, takmynan, 993-nji ýylda Horasanyň Tus şäherinde daýhan maşgalasynda dünýä inýär. Öz döwrüniň ýokary bilimine eýe bolan Ferdöwsi Eýranyň şol döwürdäki edebi dilleri parsça we arapça suwara gepläp bilipdir.

Ylma-bilime aýratyn hormat goýan aryf-akyldar Sen, paýhasly ýol gözläp, bilim almak üçin bütin dünýäni gez!diýmegi gowy görýän eken.Oňa döwürdeşleri çuňňur we giň bilimi üçin häkim (akyldar, alym) tahallusyny dakypdyrlar.

Ferdöwsi uzak wagtlap Gaznada ýaşap, Soltan Mahmyt Gaznalynyň hyzmatynda bolýar.Ol Şanamany hem oňa bagyşlap ýazýar.Onuň mesnewi görnüşli Şanama eposy juda uly göwrümli eserdir.Mesnewi žanry uzyn gahrymançylyklar hakyndaky kyssalarda ulanylypdyr.

Ferdöwsiniň şeýle žanrda ýazan baş eseri Şanamanyň möçberi Iliadany we Odisseýany bilelikde alanyňda-da, iki esse köpdür.Maglumatlara görä, Ferdöwsi bu gahrymançylykly eserini ýazmaga ömrüniň 35 ýylyny sarp edipdir. Şanama giň we saldamly taryhy eser bolup, Keýumersiň patyşalyk eden döwri baradaky bap bilen başlanyp, Zalym Zohak we Feridun, Rüstem hakynda rowaýat, Rüstem we Suhrab, Syýawuş hakynda rowaýat, Pygamber Zerdoşt, Rüstem we Isfendiýar ýaly baplar bilen dowam edýär.

Uly göwrümli eseriň gahrymançylykly babynda pälwan Zalyň we onuň ogly Rüstemiň gahrymançylygy hem-de olaryň deňsiz-taýsyz güýçleri barada söhbet edilýär.Syýawuş hakyndaky bapda bolsa, Watan goragy öňe sürülýär.

Şol döwrüň şahyrlarynyň milli düşünjeleriniň ösmegi bilen öz taryhy geçmişine gyzyklanmagy, oňa ýazuw görnüşinde täzeçe çemeleşmäge bolan isleg barha artýar. Şeýlelikde, taryhy rowaýatlaryň doly ýygyndysyny taýýarlamak üçin birnäçe synanyşyklar edilýär, ýöne has uly tutanýerliligi talap edýän bu işiň hötdesinden diňe Abulkasym Ferdöwsi gelýär.

Ol akyly goýalyşan ýaşyndaka Dakykynyň başlan işini gutarmaly we Eýranyň taryhy rowaýatlaryny dolulygyna şygyr görnüşinde beýan etmeli diýen netijä gelýär. Şanama 60 müň beýtden ybarat bolup, Eýranyň 53 hökümdarynyň patyşalyk eden döwrüni öz içine alýar.

Ferdöwsiniň özi poemasynyň diňe şalyklar baradadygyny öňe sürse-de, edebiýatçylar awtoryň ulanan çeşmelerine baglylykda, ony üç sany uly ugra mifologik, rowaýaty we taryhy şahalara bölýärler.Ferdöwsi resmi sasanid taryhy çeşmelerine salgylanyp, patyşalygy Peşdadiler, Keýaniler, Eşkaniler, Sasaniler ýaly 4 hanadanlyga bölýär. Şanamada mifleriň giden dünýäsi bar. Şanama durşuna Gündogar mifologiýasy.

Hut şonuň üçinem ol gyzykly, ajaýyp eserdir.

Rowaýatlara görä, soltan Mahmyt Gaznaly Ferdöwsä poema üçin pul tölemekden boýun gaçyrýar. Bu ýagdaý şahyryň juda gaharyny getirýär. Netijede, şahyr ol sebitden başyny alyp gidýär. Beýik şahyr 1020-nji ýylda aradan çykýar. Şahyryň depin edilen ýerinde doglan gününiň 1000 ýyllygy mynasybetli 1935-nji ýylda aramgäh gurulýar.

Eýranyň habar beriş serişdeleriniň ýazmagyna görä, häzirki wagtda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeni miras, senetçilik we syýahatçylyk guramasy tarapyndan Tus şäherindäki Ferdöwsiniň aramgähinde hem-de onuň ýanaşyk ýerindäki 6 gektardan ybarat medeni miras toplumynda giň gerimli abatlaýyş işleri geçirilipdir.

Gurbandurdy Hojaýew,

Türkmenistanyň ussat mugallymy, Etrek etrabynyň Gyzylbaýyr obasynyň ýaşaýjysy.

Ýene degişli makalalar

Setirleri döwrümiz bilen sazlaşýan akyldar
Akyldaryň okan mekdebi
Alym 'türki hökümdarlaryň atasy hasaplanan' Alp Er Tonganyň mazaryny Buharadan tapandygyny aýdýar
Setirleri döwürleri bezeýän dana
Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa dersi boýunça halkara olimpiadanyň açylyş dabarasy geçirildi