Umman ýaly giň zehinli türkmen suratkeşleriniň döredijilik hazynasy halkyň milli durmuşynyň ajaýyplyklaryny beýan edýän eserlere, etnografik aýratynlyklary: däp-dessurlary, milli lybaslary, aýdym-saz sungatyny, myhmansöýerlik we ynsanperwerlik däplerini, şabaz bedewlerdir türkmen sährasynyň gözelliklerini, taryhy ýadygärlikleriň ajaýyp keşplerini, baharyň hem söýginiň, ýaşlygyň we gojalygyň eşretli pursatlaryny şekillendirýän eserlere baýdyr.
Geçen asyryň 20-nji ýyllarynda Türkmenistanda şekillendiriş sungatynyň ösmegi üçin amatly şertler döreýär.Biziň ýurdumyza gelen zehinli rus suratkeşleri Ruwim (Ilýa) Moiseýewiç Mazeliň we Aleksandr Pawlowiç Wladyçugyň ýolbaşçylygynda Aşgabat şäherinde 1920-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Gündogar Sungatynyň Zarpçy mekdebi açyldy.
Halypa mugallymlar öz işlerine yhlasly ýapyşyp, zehinli şägirtleri ýetişdirmek bilen, uly iş bitirdiler.Gündogar Sungatynyň Zarpçy mekdebiniň okuwçylary nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, litografiýa we sinkografiýa ýaly dersleri geçip, türkmen tebigatyny, teatr, aýdym-saz, tans sungatyny öwrenipdirler hem-de umumy bilim alypdyrlar.
Bu sungat mekdebinde ilkinji türkmen suratkeşi, Türkmenistanyň halk suratkeşi Bäşim Nuraly, S.N.Beglýarow, M.P.Fedura, Ýe.A.Skoblina-Beglýarowa, N.I.Kostenko, W.Ýa.Demidenko, Türkmenistanyň belli alymy, biologiýa ylymlarynyň kandidaty O.F.Mizgirýowa ýaly tanymal suratkeşler sungat ýoluna tarap ilkinji ädimlerini ätdiler.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Gündogar Sungatynyň Zarpçy mekdebiniň 100 ýyllygyna we Türkmenistanyň halk suratkeşi Bäşim Nuralynyň 120 ýyllygyna bagyşlap Gündogar Sungatynyň Zarpçy mekdebi türkmen nakgaşçylygynyň täze sahypasy atly sergi gurnaldy.
Sergi hormatly Prezidentimiziň nakgaşçylyk sungaty barada aýdan parasatly sözleri bilen açyldy.Serginiň başynda Zarpçy mekdebiň mugallymlarynyň hem-de ony tamamlan halypa suratkeşlerimiziň 1920-nji ýyllar bilen senelenen fotosuratlary we R.Mazeliň, B.Nuralynyň ömri we döredijiligi barada maglumatlar sergilendi.
Serginiň dowamynda Gündogar Sungatynyň Zarpçy mekdebiniň uçurumlary, tanymal suratkeşler M.P.Feduranyň grafiki eserleri we Döwlet muzeýiň gaznasynda saklanylýan hem-de ilkinji gezek sergilenýän O.F.Mizgirýowanyň öz eli bilen çeken Dürli ýapraklaryň morfologiýasy atly birnäçe plakatlary görkezildi.
Döwlet muzeýiň gaznasynda saklanýan ilkinji türkmen suratkeşi Bäşim Nuralynyň ulanan etýudnigi, ýagly reňkleri sergide aýratyn orun eýeleýär hem-de halypa suratkeşiň döreden saz gurallary serginiň görküne görk goşýar.
1920-nji ýyllaryň başlarynda biziň ýurdumyzyň arhitektura ýadygärliklerini, türkmen tebigatyny, däp-dessurlaryny, milli egin-eşiklerimizi öwrenmäge we olary wasp etmäge ýörite gelen rus suratkeşleri A.M.Zaslawskinyň, W.S.Pşeniçnikowyň we M.S.Tuganowyň ajaýyp grafiki eserleri hem sergilendi.
Bu çäre dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kandidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow tarapyndan açyldy.Soňra Türkmenistanyň halk suratkeşi, professor, heýkeltaraş Babasary Annamyradow, Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň direktory Güljemile Amanowa, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty fakultetiniň sungaty öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy Azat Annaýew, Bäşim Nuralynyň agtygy Gülşen Nuralyýewa, Türkmenistanyň halk suratkeşi Baba Owganow we Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aşyr Kuliýew çykyş etdiler.