Gündogar halklaryň Bakuw gurultaýy

Gündogar halklaryň Bakuw gurultaýy

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň bu sanynda 20-nji asyryň başynda musulman türki halklaryň garaşsyzlygy we soňky ýyllarda alynyp baryljak syýasatlaryny kesgitlemek maksady bilen geçirilen esasy taryhy maslahat, Gündogar halklaryň Bakuw gurultaýy hakynda maglumat bermekçi.

1920-nji ýylyň 1-7-nji sentýabry aralygynda Azerbaýjanyň paýtagty Bakuw şäherinde Gündogar halklarynyň Bakuw gurultaýy geçirildi. Bu möhüm maslahata Türkiýäniň adyndan 235 wekil gatnaşypdy. Gurultaýa Kommunistik partiýanyň başlygynyň orunbasary, Leniniň ýakyn dosty A. Zinowýew ýolbaşçylyk etdi.

Bakuw gurultaýy 1920-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Azerbaýjanyň Prezidenti Neriman Nerimanowyň şu sözleri bilen açylypdy: “Bize ilkinji ärdemliligi we medeniýet adalgasyny beren goja Gündogar, şu günki günde bärde asyrlaryň dowamynda buržuwaz güýçleriň maýasynyň özüne beren çuňňur gussasyny gürrüň berer we göz ýaşlaryny döker. Şu gün her biri özbaşdak ýaşaýan gündogar halklary kapital zulmunyň elhençligini görmediksiräp bilmezler.”

Gurultaýdaky şertler, Gündogar halklarynyň gurultaýynyň ençeme jähtden taýsyzdygyny görkezýär.Taryhda şeýle köp diliň, diniň, egin eşigiň, tire-taýpalaryň we simmowlaryň emele getirýän jebisligi, gündogarda görülip eşidilmändi.Türkiýeden gelen wekillerden Şewket Süreýýa Aýdemir gatnaşan gurultaýyndaky sferany şeýle beýan edýär: “Hindiler, owganlar, mongollar, özbekler, gyrgyzlar, Eýranyň kürtleri we ýene-de ençeme halkdan, milletden bolan admalaryň ählisi öz egin-eşiklerini geýinipdi. Ählisiniň boýnunda, bilinde gylyçlar, hanjarlar, sapançalar, gamalar bardy.

Sarykly, selleli, telpekli adamlar Bakuwyň köçelerini doldurypdy.”

Gündogar halklarynyň gurultaýynyň tejribesi kolonizatorlyga garşy durýan Marksizmiň anti-kolonial göreşleri taýdan hem möhümdir. Şol bir wagtda-da Marksizmiň Ýewropa merkezçiligine hem jogapdy.Kolonial halklar Sowet döwründe güýçli pozisiýa eýelediler.

Ine, Bakuw gurultaýy, taryhda taýsyz köpgörnüşliligi bilen taryhy tejribä we mirasa hem wekilçilik edýär.Adamzadyň ilkinji sosialist tejribesi üçin hem bir şert, hem-de synagdy.Gurultaýyň ikinjisiniň geçirilmändigine, gurultaýdan netije alynmandygyna garamazdan taryhy mirasy möhümdir.

Kommunizmiň totolitar ýa-da azatlykçy taraplarynyň, has takygy ikisinden haýsysyny saýlajakdygynyň görkezlişi boldy. İýerarhik, wezipeleri öňünden kesgitlenen, gumanitar potensiala we azatlyga ýol bermeýän, dewelopmentalizme esaslanýan totolitar düşünje bilen kommunizmiň özenini emele getirýän gumanitar potensialyň ösüşi, antagonistik taýdan bölünen gazaplandyryjy iş bölünşigini bes etmek we her bir adamyň deňligi düşünjesiniň gabatlaşmasydyr.

Gurultaý geçirilýärkä Türkiýe Respublikasy heniz gurulmandy we Türkiýäniň Mejlisini döwletleriň hiç haýsysy ykrar etmändi.Bu gurultaýda Türkiýe hakynda-da pikir alyşylyp, Sowet Russiýasynyň Türkiýe bolan garaýyşy şeýle beýan edilýär: Biz diňe bir kommunist ýurtlara sarpa goýýanlara däl, partiýasyzlara hem çagyryş edýäris.

Türkiýe mysalynda bolşy ýaly bize garşy durýan toparlara garşy göreşýänleri sabyrlylyk bilen goldaýarys.Sowet hökümeti Kemal Paşadan goldawyny gysganmaýar.Onuň ýolbaşçylyk edýän hereketiniň kommunistik hereket bolmandygyny ýatdan çykaramozok. İňlis hökümetine garşy alynyp barylýan rewolýusioner göreşi goldamaga taýýardygymyzy aýdýarys.

Şu gurultaýdan soň Gündogar türki halklarda pasyrdan ýeke-täk baýdak, Kommunistik partiýanyň baýdagy bolýar. Orta Aziýada we Kawkazda awtanom ýa-da Sowet Sosialist Respublikalar döredildi. Leniniň tarpa taýyn ölümi sebäpli gurultaýyň yzy dowam etmedik hem bolsa, türki halklar öz ýarym garaşsyzlyklaryna ýetipdi.

Dürli halklardan jemi 1891 delegadyň gatnaşmagynda geçirilen bu taryhy gurultaýa özbekler 15, türkmenler 35, gyrgyzlar 47 delegat bilen gatnaşýarlar. İň gynandyryjy we pajygaly waka bolsa şol intellektuallaryň tas ählisiniň 1932-1937-nji ýyllaryň aralygynda Stalin tarapyndan “halk duşmany” yglan edilip, öldürilmegidir.

Ýene degişli makalalar

Salyr Türkçesi
Çingiz Aýtmatow
Kömek Kulynyň kyssasy we türkmen edebiýatynyň 'suwsuz degirmen' aladasy
Aňzakda, göreşde açylan ak gül
Türkmenistanyň Sowet mirasy: Lenin heýkeli we Sowet aňyýetiniň köpýyllyk täsiri
Namibiýanyň ilkinji zenan Prezidenti