Gündogar Gara deňizden ýylyň ilkinji 7 aýynda 25 ýurda deňiz önümleri eksport edildi

Gündogar Gara deňizden ýylyň ilkinji 7 aýynda 25 ýurda deňiz önümleri eksport edildi

Gündogar Gara deňiz eksportçylar bileleşiginiň Dolanşyk geňeşiniň başlygy Saffet Kalýonju sebitden ýylyň ilkinji 7 aýynda 19 müň 339 tonnalyk deňiz önümleriniň eksport edilendigini habar berdi.

Ady agzalan eksportdan 105 million 219 müň 863 dollarlyk girdeji alynandygyny aýdan Saffet Kalýonju: "Russiýa Federasiýasy 66 million 503 müň 75 dollar bilen sanawyň ilkinji ornuny eýeledi.Russiýa Federasiýasyndan soň 11 million 465 müň 508 dollar bilen Belarussiýa we 10 million 27 müň 709 dollar bilen Wýetnam gelýär.

Sebitden mundan başgada geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende Ukraina, Daniýa, Müsüre, Keniýa, Filippinlere, Ispaniýa we DKTR-na şol wagt aralygynda deňiz önümleri satyldy" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Gyzylbalyk eksporty 56 göterim artdy
Baýden Keniýany “NATO Agza Bolmadyk Esasy Hyzmatdaş” Hökmünde Yglan Etdi
Türki döwletleriň gün tertibinde esasy orun eýeleýän wakalar
Ersin Tatar: "Halkymyzyň howpsuzlygy Türkiyäniň kepilliginde" diýdi
Türkmen telekeçileri Parižde geçiriljek TEIF 2024 halkara forumyna gatnaşarlar