Günden energiýa alýan örtük

Massaçusets tehnologiýa institutynyň bilermenleri adam saçyndan has ýuka, adaty Gün panellerinden has ýokary elektrik öndürijiligi bolan örtük işläp taýýarladylar.Bu materialyň adaty Gün panellerinden 100 esse ýeňildigi, ýöne energiýa önümçiligini 18 esse artdyrýandygy mälim edildi.

Bu örtükden dakynyp bolýan enjamlary hem öndürip boljakdygy bellenilýär. Ýeňildigi sebäpli gyssagly ýagdaýda gurnap, gysga wagtda önümçilige başlap bolýar.Adaty Gün panelleri kremniden öndürilip, näzik bolandygy üçin aýna bilen örtülýär.

Agyr bolandygy sebäpli panellere alýumin çarçuwa hem oturdylýar.Täze material bolsa, juda ýeňil bolup, ony adaty Gün panelleriniň oturdyp bolmaýan ýerlerinde hem gurnamak mümkin.Bu materialy öndürmek üçin nanotehnologiýadan peýdalanylypdyr.

Bu materiallar 3 mikron (0,003 mm) ýaly ýuka bolup, 3D çap etmek usuly arkaly taýýarlanýar. Çap edilenden soňra onuň galyňlygy 15 mikron bolýar.Bu örtükleri gämi ýelkenlerine, uçarmansyz uçarlara ýa-da elektroulaglaryň daşyna hereket edýän aralygyny ýokarlandyrmak üçin dakyp boljakdygy bellenilýär.

Merdan Kurbandurdyýew, Türkmenistanyñ Döwlet energetika institutynyň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Mugallymsyz synp açyldy
“Moderna” “Pfizer” we “BioNTech” kompaniýalaryna garşy kazyýet işini gozgady
Sanly ykdysadyýet kuwwatly ulgam
Bogun agyrylary üçin tebigy maslahatlary
Iň uzyn atly ýerler
Şekspiriň kitaby 2,5 million dollara satyldy
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda harby atlary gowşurmak dabarasy geçirildi, Türkmenpoçta çaparçylyk gullugynyň işini kämilleşdirýär, Türkmenistanyň raýatlaryna birinji ýarymýyllyk üçin salgytlary tölemegiň möhleti ýatladylýar