Günbatarlylar Russiýa Garşy Ähli Taraplaýyn, Gibrit Söweş Yglan Etdi…

Günbatarlylar Russiýa Garşy Ähli Taraplaýyn, Gibrit Söweş Yglan Etdi…

Lawrow paýtagt Moskwada geçirilen Çarçakow adyndaky diplomat gaznasynyň maslahatynda çykyş etdi.

Sergeý Lawrow: “Günbatarlylar Russiýa garşy ähli taraplaýyn, gibrit söweş yglan etdiler” diýdi.

Ýewropadaky syýasatçylaryň “Gitler Germaniýadan” ulanylan “ähli taraplaýyn söweş” adalgasyny Russiýa üçin ulanýandyklaryny beýan eden Lawrow; “Günbatarlylar Russiýa garşy ähli taraplaýyn, gibrit söweş yglan etdiler. Maksatlary syr däl, rus ykdysadyýetini we Russiýany dolulygyna ýok etmek isleýändiklerini, boğmak isleýändiklerini açyk-aýdyň beýan etdiler” diýdi.

Russiýanyň izolirlenip bilinmejekdigine ünsi çeken Lawrow; “Dünýäniň çar tarapynda köp sanly dostumyz, ýaranymyz we hyzmatdaşymyz bar” diýdi.

Lawrow, günbatarlylaryň BMG-niň kararlaryny ugrukdyrmak üçin meçew beriji propoganda alyp barýandygyny nygtap; “Günbataryň daşyndaky dünýä ýurtlarynyň esasy bölegi bir taraply oýnalýan oýuna girmek islemeýär. Ägirt uly basyş bar” diýdi.

Ukrainanyň hökümetiniň ýadro ýaragyny edinme işleğine alada bildirýändiklerini aýdan Lawrow; “Şonuň ýaly hem Pentagonuň Ukrainadaky harby-biologik maksatnamasyny iş ýüzüne geçirmek üçin azyndan 36 sany laboratoriýa açmagyna hem alada bildirýäris” diýdi.

Ýene degişli makalalar

ABŞ Ýakyn Gündogardaky Ýagdaý Bilen Ýakyndan Gyzyklanýar
Ukraina ABŞ-dan F-15 we F-16 Uçarlaryny Soraýar
ABŞ, Ukraina 2,6 Milliard Dollarlyk Goşmaça Harby Kömek Berer
ABŞ-nyň Uçar Gämisi Siriýanyň Golaýyna Çenli Geldi
ABŞ Filippinlerdäki esgerleriniň sanyny artdyrar
Siriýada, ABŞ-nyň Öňbaşçylygyndaky DAEŞ-e Garşy Koalisiýa Güýçlerine Hüjüm Guraldy
Ukrainanyň Goşunlary Bahmutda Rus Hüjümlerine Garşy Göreşýär