Gün urmadan nädip goranmaly?

Gün şöhlesi dürli şöhlelenmeleriň güýçli çeşmesi bolup, olaryň içinde ultramelewşe şöhlesi wajyp ähmiýete eýedir.Olar az mukdarda adam bedenine, esasan hem, çagalar üçin has zerurdyr.Başgaça aýdylanda, olar adam bedeniniň ösmegi we kämilleşmegi üçin gerek bolan witaminleriň emele gelmegine gatnaşýar. Çendenaşa güýçli Gün şöhlesi agyr keselleriň, şeýle-de howply täze döremeleriň emele gelmegine sebäp bolup bilýär.

Her bir adam çagalykdan başlap, Gün şöhlesini dürli derejede duýup başlaýar.Gün şöhlesiniň uzak wagtlap adamyň endamyna täsir etmegi deriniň ýanmagyna getirýär.Gün uran adamda ilkibaşda ýadawlyk, ysgynsyzlyk, kellagyry, başaýlanma, aýaklarynda we arkasynda agyry emele gelýär.

Soňra gulagynyň şaňlamagy, deminiň gysmagy, ýüreginiň çalt urmagy mümkin.

Gün urmadan nädip goranmaly?

Tomusda irden sagat 09:00-dan 18:00-a çenli Günüň aşagynda köp durmak maslahat berilmeýär.

Yssyda açyk reňkli, nah matadan tikilen ýeňil we giň biçüwli egin-eşikleri geýmeli.

Guşak guşanmasaň, kemer dakynmasaň gowy.

Tomusda açyk reňkli başgaplary geýmeli.

Günden goraýan ýörite äýnekleri dakynmaly, saýawan götermeli.

Tomusda düzüminde efir ýagy bolan gözellik serişdelerini, atyrlary kosmetolog bilen maslahatlaşyp ulanmaly.

Tomusda Günüň zyýanly täsirinden goraýan witaminlere baý önümleri köpräk iýmeli.

Günüň dowamynda içilýän suwuklygyň (şerbet, mineral suw, gatyk, çal, aýran, dürli şireler) mukdary 2 litrden az bolmaly däl.

Gün urmada ilkinji edilmeli kömekler:

Gün uran adama gyssagly ýagdaýda ilkinji kömek berilýär.

1. Gün uran adamy salkyn ýere (agajyň saýasyna, kölegä, salkyn otaga) geçirmeli.

2. Kemerini, köýneginiň iliklerini ýazdyrmaly.

3. Ejir çekýän näsagyň goltuklaryna, boýnuna, döş kapasasyna we gasygynyň töweregine sowuk suwa öllenen mata bölegini goýmaly.

4. Eger-de Gün uran adam huşunda bolsa, sowuk suw bermeli.

5. Tiz kömek gullugy gelýänçä näsagyň ýagdaýyny gözegçilikde saklamaly.

Gülkamar Saparowa,

Aşgabat şäherindäki 5-nji Saglyk öýüniň şepagat uýasy.

Ýene degişli makalalar

Hindistanyň günortasyny sil basdy
Antalýa Gelýän Syýahatçylaryň Sany Köpelýär
Sinalco Jump we Sinalco Fresco: serginle we tomsuň şatlygyndan lezzet al
Hindistanda Aşa Yssy Howa Sebäpli 16 Adam Ýogaldy
Pakistanda howanyň derejesi 54 gradusa golaýlady
Mekdeplerde okuwçylardan pul toplanýar, çagalar hapa hajathanalardan peýdalanmaly bolýar