Gün şöhlesi dürli şöhlelenmeleriň güýçli çeşmesi bolup, olaryň içinde ultramelewşe şöhlesi möhüm ähmiýete eýedir.Olar az mukdarda adam bedenine, esasan hem, çagalar üçin has zerurdyr.Başgaça aýdylanda, olar adam bedeniniň ösmegi we kämilleşmegi üçin gerek bolan witaminleriň emele gelmegine gatnaşýar. Ýöne çendenaşa güýçli Gün şöhlesi agyr keselleriň, şeýle-de howply täze döremeleriň emele gelmegine sebäp bolup bilýär.
Her bir adam çagalykdan başlap, Gün şöhlesini dürli derejede duýup başlaýar (ilki mylaýym ýylylyk, soňra deriniň gyzarmagy).Gün şöhlesiniň uzak wagtlap endama täsir etmegi deriniň ýanmagyna getirýär.Gün uran adamda ilkibaşda ýadawlyk, ysgynsyzlyk, kellagyry, başaýlanma, aýaklarynda we arkasynda agyry emele gelýär.
Soňra gulagynyň şaňlamagy, deminiň gysmagy, ýüreginiň çalt urmagy we ýüreginiň bulanmagy mümkin.
Gün urmadan nädip goranmaly?
Irden sagat 9:00-dan 18:00-a çenli Günüň aşagynda köp durmaly däl.
Açyk reňkli egin-eşikleri, nah matadan tikilen ýeňil we giň biçüwli eşikleri geýmeli.
Guşak guşanmasaň, kemer dakynmasaň gowy.
Açyk reňkli başgaplary geýmeli.
Günden goraýan ýörite äýnekleri dakynmaly.
Saýawan götermeli.
Düzüminde efir ýagy bolan gözellik serişdelerini, atyrlary kosmetolog bilen maslahatlaşyp ulanmaly.
Günüň zyýanly täsirinden goraýan C, PP witamine baý önümleri köpräk iýmeli.
Günüň dowamynda ulanylan suwuklygyň (kompot, mineral suwlar, gatyk, çal, aýran, dürli şireler) mukdary 2 litrden az bolmaly däl.
Gün urmada ilkinji kömek
Gün uran adama gyssagly ýagdaýda ilkinji kömek berilýär.
Gün uran adamy salkyn ýere (kölegä, salkyn otaga) geçirmeli.
Kemerini, köýnekleriniň iliklerini ýazdyrmaly.
Ejir çekýän näsagyň goltuklaryna, boýnuna, döş kapasasyna sowuk suwa öllenen mata bölegini goýmaly.
Eger-de Gün uran adam huşunda bolsa suw bermeli.
Tiz kömek gullugy gelýänçä näsagyň ýagdaýyny gözegçilikde saklamaly.
Annamyrat Şagylyjow,
Aşgabat şäherindäki Bejeriş-sagaldyş hassahanasynyň lukmany.