Gün şöhlesiniň ýiti täsirinden goranyň!

Tomus paslynda howanyň derejesiniň aşa ýokarlanmagy netijesinde Günüň şöhlesi ýitileşýär. Şonuň üçin hem jöwzaly tomus günlerinde Günüň aşagynda gözegçiliksiz oýnaýan çagalarda ýa-da açyk meýdanda işleýän adamlarda Gün urma bolýar.

Gün urma daşarda uzak wagtlap Gün şöhlesiniň aşagynda başgapsyz ýa-da saýawansyz gezilse bolup bilýär.Günüň ýiti şöhlesi adamyň kellesine we derisine düşüp, beýniniň gyzmagyna getirýär.Gün urmada kellagyry, ysgynsyzlyk, bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy, ýürek urşunyň çaltlanmagy, demgysma, beden agyrylary, göz görejiniň ulalmagy, gaýtarmak ýaly alamatlar bolýar.

Günüň şöhlesiniň aşagynda uzak wagt gezilse, merkezi nerw ulgamyna zeper ýetýär, demgysma peýda bolýar, adamyň ýüz keşbiniň reňki üýtgäp, kähalatlarda adamyň huşuny ýitirmegi ýaly hadysalar ýüze çykýar. Şeýle alamatlar bolanda haýal etmän ilkinji kömek bermeli we Tiz kömegi çagyrmaly.

Gün uran adamy ilkinji nobatda tiz wagtyň içinde kölegä ýa-da salkyn otaga geçirmeli, kellesini beýigräk ýassykda goýup, aýaklaryny az-kem ýokary bolar ýaly edip ýatyrmaly.Daşky egin-eşiklerini açyşdyryp, gowy dem almagyna kömek bermeli.

Bedeni gysyp duran kemer ýa-da sintetik eşik bar bolsa aýyrmaly.Ejir çeken adama sowuk suw içirmeli. Ýüzüni sowuk suw bilen ýuwmaly, kellesine, goltugynyň aşagyna, döşüne sowuk suwa ezilen esgi goýmaly. Ýürek damjasyndan korwalol içirmeli, naşatyr spirtini ysgatmaly.

Tomus paslynda geýilýän eşikler açyk reňkli, rahat, nah matadan tikilen bolmaly.Günden goraýjy äýnekleri dakynmaly.Irden 06:00-dan 09:00-a çenli, agşam 18:00-dan 21:00-a çenli daşarda gezmek maslahat berilýär.

Günüň dowamynda 2,5-3 litre golaý suwuklyk, miwe şiresini, miwe gaýnatmalaryny, çaý, arassa agyz suwuny ýa-da limon garylan suw içmek maslahat berilýär. Şeýle-de, kadaly we sagdyn iýmitlenmeli.

Iýilýän naharlar siňňitli bolmaly, beden üçin gerek bolan witaminlere, makro we mikroelementlere baý bolan gök we bakja önümlerini köpräk iýmeli.Nahary edil iýilmeziniň öňüsyrasynda taýýarlamaly.Galan naharlary köp wagtlap sowadyjyda saklamaly däl ýa-da ertire goýulmagyna ýol bermeli däl. Öýden çykylanda, çagalar özleriniň gowy görýän gurnaklaryna we gezelenje gidenlerinde öz ýanlary bilen arassa agyz suwuny almalydyrlar.

Tomus paslynyň häzirki yssy günlerinde Gün urmadan, Gün şöhlesiniň ýiti täsirinden goranmak özümize baglydyr. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek saglygyň girewidir.

Sona Ilmuhammedowa,

Aşgabat şäherindäki 4-nji Saglyk öýüniň şepagat uýasy.

Ýene degişli makalalar

Zenan özünden pişigini has gowy görýändigi üçin adamsyny kazyýete berdi
Türkmenistan türki dilli ýaşlaryň festiwalyna gatnaşar, Beýik Britaniýanyň Ýewropanyň işleri boýunça ministri Türkmenistana geler, Türkmendemirýollary VIP derejeli wagonlar üçin petekleriň satuwyny gaýtadan dikeltdi we beýleki habarlar
Kubadaky sil joşgunlary: adamlary göçürýärler
Türkmen migrantlary türk deportasiýa merkezinde ýene ýenjildi
Burhan Akbudak, Altyn Medalyny Ýer Titremelerinde Ejir Çekenlere Bagyşlady
Braziliýadaky sil apatlarynda 6 adam ýogaldy