Güneşe baý Diýarymyza tomus pasly ýetip gelýär. Tomus paslynda Gün şöhlesi Ýere has tiz we has güýçli ýetýär. Her bir adam tomus paslynda dynç alyşlara, gezelençlere gidende, işlände, açyk howada suwa düşende Günüň ýiti şöhlesinden, ýagny Gün urmasyndan goranmagy başarmalydyr.
Tomsuň yssy günlerinde 2 ýaşyna çenli çagalara, näsag we gartaşan adamlara sagat 11.00-dan 18.00-a çenli açyk Günüň aşagynda gezmek maslahat berilmeýär. Açyk meýdanda suwa düşülende, meýdanda Güne ýanylanda sagat 11.00-dan 18.00-a çenli Gün şöhlesiniň aşagynda bolmak (esasan hem, sagat 15.00-dan 18.00-a çenli) maslahat berilmeýär.
Yssy günlerde kelleýalaňaç gezmek bolmaýar, kelläňe başgap geýmek, saýawan götermek, gözüňe gara äýnek dakynmak maslahat berilýär.
Yssyda açyk reňkli nah matadan tikilen ýeňil we giň biçüwli eşikleri geýmeli. Şeýle geýimler Gün şöhlesinden goraýar, deriniň oňat dem almagyna päsgel bermeýär.
Günüň dowamynda içilýän suwuklygyň (mors, mineral suwlar, gatyk, çal, aýran, miwe we gök önüm şireleri) mukdary 2 litrden az bolmaly däldir.
Gün şöhlesi ýerlikli peýdalanylanda, bedeniň gorag (immun) ulgamyny pugtalandyrýar. Ultra-melewşe şöhleleriniň öýjüklerde diş we süňk üçin peýdaly D witamininiň işlenilip çykarylmagyna täsiri uludyr. Ýöne Günüň aşagynda gereginden artyk gezilmegi, durulmagy, işlenilmegi adamyň saglyk ýagdaýynda dürli bozulmalary döredip biler.
Hurma Çaryýewa,
Aşgabat şäher 1-nji saglyk öýüniň fizioterapewt
lukmany, Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap
halk maslahatynyň agzasy.