Gün hereket edýärmi

Günüň daşyndan planetalar we asman jisimleri belli bir tizlikde, öz orbitalarynda aýlanýarlar.Käbir uly planetalaryň hem daşyndan aýlanýan hemralary bolýar. Ýeriň hemrasy Aý.Iň uly planeta bolan Ýupiteriň bolsa, 79 hemrasy bar.

Häzire çenli olaryň 53-si atlandyryldy, 26-syna bolsa, entek at berilmedi. Ýupiteriň iň uly hemrasy bolan Ganimed Güne iň ýakyn planeta bolan Merkuriden hem uly.Gün daşyndan aýlanýan planetalaryň we beýleki asman jisimleriniň merkezinde ýerleşip, dartyş güýji sebäpli bu kosmos jisimlerini töwereginde saklaýar.

Muňa Gün ulgamy diýilýär.Kosmos giňişliginde merkezi ýyldyzyň töwereginden aýlanýan planetalaryň başga ulgamlary hem örän köp.Aslyndan Gün hem ýyldyz hasaplanýar.

Eýsem, Gün şol bir duran ýerinde durýarmyka? Ýok.Gün öz ulgamyndaky planetalar bilen bilelikde Akmaýanyň ýoly galaktikasynyň merkeziniň daşyndan aýlanýar.Akmaýanyň ýoly galaktikasy ýyldyz ulgamlaryndan we äpet gaz bulutlaryndan emele gelip, onuň içinde 100 milliard töweregi ýyldyz bar.

Gün ulgamy ähli planetalary bilen bilelikde bu äpet ulgamyň içinde sagatda 800 müň kilometr tizlik bilen hereket edýär.Gün ulgamy galaktikanyň merkeziniň daşyndaky aýlawyny 230 million ýylda tamamlaýar.

Astronomlar Günüň 5 milliard ýyl ozal, emele gelendigini çaklaýarlar.Bu bolsa Gün ulgamynyň döräli bäri 20 gezek aýlanandygyny aňladýar.Galaktikamyzyň diametriniň uzynlygynyň 100 müň ýagtylyk ýylydygy bellenilýär.

Galaktikanyň merkezindäki ýyldyzlar has gür bolup, merkezden uzaklaşyldygyça seýrekleşýär.Edil Günüň beýleki planetalary öz töwereginde dartyş güýji sebäpli saklaýşy ýaly, Akmaýanyň ýoly galaktikasy hem ýyldyz ulgamlaryny şol bir orbitada saklaýar.

The post Gün hereket edýärmi appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Asmanyň Kolumby
Goşa galaktika tapyldy
Biler bolsaňyz!..