Gün energiýasyndan has netijeli peýdalanylýar

Günden energiýa almak babatda köp ýyllyk tejribäniň bardygyna garamazdan, entek Günden ýeterlik derejede peýdalanylmaýar.Sebäbi olaryň panellerini we beýleki tehnologiýalaryny gurmak üçin ilkibada köp çykdajy etmeli bolýar. Şol sebäpli şöhleden has netijeli peýdalanýan tehnologiýa yzygiderli kämilleşdirilýär.

Laboratoriýa şertlerinde şöhleden 29 göterime çenli netije alyp bolýar.Emma Gün panelleriniň netijeliligi 20 göterimden ýokary bolsa, gowy hasaplanýar.Golaýda ýapon bilermenleri 26,3 göterim netije almagy başardylar. Ýaponiýanyň “Kaneka” şereketiniň işi beýleki ylym-bilim edaralary tarapyndan tassyklandy.

Hünärmenler täze usullaryň birnäçesinden, şol sanda şöhläniň yza serpikmeginiň öňüni alyjy materialdan peýdalanypdyrlar.Bu usullaryň diňe laboratoriýa şertlerinde däl, önümçilikde hem ýola goýlup bilinjekdigi aýdylýar.Täze tehnologiýalar bolsa, Günden energiýa alýan beketleriň arzan bolmagyna getirer.

Ýene degişli makalalar

Dalaşgär 2024: Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi
Samsung 5G tizlik rekordyny goýdy
Kömürturşy gazyndan uçar ýangyjy öndüriler
Laboratoriýa göwher daşy ýasaldy
Türkmen alymlarynyň işläp taýýarlamalary: polat berkligi, hili ýokarlandyrylan bitum we sement ... briketlenen ýüzärlik
Özboluşly artefaktlaryň ýygyndysy: gadymy sene ýazgysynyň täze sahypalyry
Maryly kärendeçiler harmana pagta tabşyranlarynda talanýandyklaryny’ aýdýarlar