Täzeçil çözgütleri durmuşa geçirýän IKEA kompaniýasy müşderileriň sargytlaryny has çalt eltip bermek üçin üç tigirli welosipedden peýdalanyp başlady. Ýük welosipedi elektrik energiýasy bilen işläp, yz tarapynda harytlary salmak üçin ýörite gapyrjagy bar.
Ulag Gün panelleri bilen hem üpjün edilipdir.Häzirki wagtda synag maksady bilen ulanyşa goýberilen üç tigirli welosiped ýükleri gysga aralyga äkitmek üçin peýdalanylýar.Bu ulag “SunRider” diýlip atlandyrylýar.
Welosiped bir gezekki zarýady bilen 100 kilometr ýol geçip bilýär. Ýük göterijiligi 150 kilograma barabar bolan welosiped IKEA-nyň nusgawy reňkleri bilen bezelipdir.Kompaniýa bu ulag bilen harytlarynyň 90 göterimini daşap boljakdygyny belleýär.
Enejan Goturowa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby