Häzirki wagtda diňe elektrik energiýasy bilen işleýän awtoulaglar däl, eýsem uçarlar we gämiler hem işlenip taýýarlanýar. Şwesiýanyň “POL Lux” şereketi elektrik energiýasy bilen işleýän gaýygy işläp taýýarlaýar.
Gezelenç gämisiniň şadyr görnüşli üçeginiň ýokarsyndaky Gün panelleri bolsa elektrik energiýasy bilen işleýän gäminiň has uzak ýol geçmegine ýardam edýär.Gün panelleri suw ulagynyň durandygyna ýa-da hereket edýändigine garamazdan, islendik wagty elektrik energiýasyny toplamagyny dowam etdirýär.
Munuň üçin diňe ýagtylyk bolmagy ýeterlik.Uzynlygy 7,8 metre barabar bolan ýolagçy gämisi 13 orunlyk bolup, gerek bolan halatynda içindäki oturgyçlary ýygnalyp giňeldilip hem bilinýär.Gäminiň elektrik energiýasy bilen işleýän iki sany hereketlendirijisi bolup, sagatda 20,3 km tizlik bilen hereket edýär.
Suw ulagynyň batareýasy Günden alýan energiýa hasap edilmände, 111 kilometr ýol geçmäge mümkinçilik berýär. Üçegindäki panellerden alýan energiýasy bolsa gaýygyň tizligine we howanyň ýagdaýyna görä üýtgeýär.
Penaly Çolukow, Türkmen Döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.