Türkmenistanyň Statistika boýunça döwlet komitetiniň BMG-nyň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde Statistika boýunça döwlet komiteti gümrük resminamalaryny taýýarlamak üçin Ýewrotreýs“ programmasyny ornaşdyrdy. Hünärmenler üçin okuw-türgenleşigini ony taýýarlanlaryň biri, Beýik britaniýaly bilermen Romeş Pol geçirdi. Statistika boýunça döwlet komitetiniň işgärleriniň bäşisi we döwlet gümrük gullugynyň işgärleriniň ikisi halkara ygtyýarnamasyny aldylar.
Täze programma ýurduň daşary ykdysady işiniň hasabatyny ýöretmäge, eksport-import işleri boýunça maglumatlary, olaryň söwda we geografik gurluşyny seljermäge hem-de toparlara bölmäge mümkinçilik berer.
Daşary söwdanyň statitikasyny kämilleşdirmek boýunça taslama BMG-nyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistanda amala aşyrýan ykdysady taslamalarynyň üçüsinden biridir,--diýip, BMG-nyň Ösüş maksatnamasyň Türkmenistandaky ykdysady we durmuş syýasatyny dolandyrmagyň meseleleri boýunça maksatnamasynyň ýolbaşçysy Nurjemal Jalylowa ygtyýarnamalaryň gowşurylyş dabarasynda aýtdy.—Ol bilelikde malieýeleşdirmek ýörelgesi ýörelgesinde amala aşyrylýar.
Statitika ölçegleri ulgamyny kämilleşdirmäge isleg ýurduň dünýä statistika giňişligine goşulyşmak meselelerine jogapkärli çemeleşýänligne şaýatlyk edýär.
Ýewrotreýs“ maksatnamasy 2016-njy ýylyň awgustyndan bäri üç tapgyrda amala aşyrylýar. Onuň birinjisinde--halkara bilermeni Romeş Poluň ýardam bermeginde häzirki ýagdaýa baha berildi we meýilnama düzüldi, şeýle hem rus dilinde interfeýs döredildi. Ikinji tapgyrda hünärmenleriň bäşisi esasy ýörelgeler babatda okadylar, onsoň programma işde ulanmak üçin ornaşdyryldy. Üçünji tapgyrda seljerme maglumatlaryny almagy göz öňünde tutýar.
Ýewrotreýs“ häzirki wagtda dünýä ýurtlarynyň 70-e golaýynyň statistika komitetlerinde we gümrük gulluklarynda ulanylýar we BMG-nyň Statistika bölümi tarapyndan goldanylýar. Şu programmanyň kömegi bilen Türkmenistan daşary söwdanyň statitikasynyň hilini gowulandyrar we şonuň esasynda mundan beýläkki daşary ykdysady işiň strategiýasyny işläp taýýarlap biler“—diýip halkara bilermen belledi.