Gümrük edaralaryna harytlar barada deslapky maglumaty bermek mümkinçiligi döredildi

Gümrük edaralaryna harytlar barada deslapky maglumaty bermek mümkinçiligi döredildi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan 2024-nji ýylyň iýul aýyndan başlap, daşary ykdysady işine gatnaşyjylar we ulag-logistika kompaniýalary üçin Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi göz öňünde tutulýan ulag serişdeleridir harytlar barada elektron görnüşde deslapky maglumatlary bermek mümkinçiligi döredildi. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, deslapky maglumatlary berlen ulag serişdeleri we harytlar Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilmegi hem-de gümrük taýdan resmileşdirilmegi ileri tutma tertibinde amala aşyrylýar. Deslapky maglumatlary serhetýaka gümrük edaralaryna internet torunyň serişdelerini ulanmak bilen islendik çäkden bermek mümkinçiligi bar.

Gümrük edarasy deslapky maglumatyň ýagdaýy (statusy) barada ony beren şahsa olaryň ulag serişdeleriniň we harytlarynyň ýurduň çägindäki hereketi barada elektron habar iberýär.

Gullugyň maglumat ulgamynda kabul edilen deslapky maglumat üçin gümrük tölegleriniň käbir görnüşlerini jemläp, aýda bir gezek tölenilýär diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen-eýran serhedindäki bitarap zolakda awtobuslaryň ýol kireýi iki esse gymmatlady
“Bir penjire” ulgamynda resmileşdirilen arzalaryň sany 20 müňden geçdi
Türkmenistanyň wekili BGG-niň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksatnamasyny üstünlikli tamamlady
Ygtyýarly ykdysady operator maksatnamasy boýunça okuw maslahaty geçirildi
Türkmenistana getirilýän ulag serişdeleri we harytlar barada deslapky maglumatlary bermek mümkinçiligi döredildi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny