Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň Kümmet-kowus etrabynyň Gonbad-Kawous uniwersitetinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.
Çärä Kümmet-kowus etrabynyň häkimi Mehdi Dehruýe, Gülüstan welaýatynyň häkiminiň geňeşçisi Ahun Hojamly, Türkmenistanyň Eýrandaky ilçisi A.Gurbanow, Baş konsul Y.Gaýypow, musulman jemgyýetiniň wekilleri-ymamlar, şeýle hem hormatly il ýaşululary, türkmen diasporasynyň XIX asyryň beýik şahyrynyň döredijilik mirasyny öwrenmek bilen meşgullanýan wekilleri we alymlary gatnaşdylar.
Türkmenistanyň ilçisi A.Gurbanow öz çykyşynda Magtymguly Pyragynyň çuňňur döredijiligine bagyşlanan çäreleriň geçirilmeginiň iki ýurduň gatnaşyklarynyň berkidilmegi üçin wajyplygyny belledi. Şeýle-de türkmen edebiýatynyň we türkmen halkynyň aňynda şahyryň milli orny barada aýdyp geçdi.
Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň durmuşy we döredijiligi hakynda öňdebaryjy alymlaryň we ýörite çagyrylan myhmanlaryň çykyşlaryndan soňra, şahyryň döredijiligine bagyşlanan sergi geçirildi.