Gülüň owadan atly bäsleşigiň Mary welaýat tapgyry geçirildi

Gülüň owadan atly bäsleşigiň Mary welaýat tapgyry geçirildi

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariaty tarapyndan ýurduň çeper elli zenanlarynyň arasynda yglan edilen Gülüň owadan! atly bäsleşigiň Mary welaýat tapgyry geçirildi.

Welaýat häkimliginiň Bagt köşgi toý-dabaralar merkeziniň ýanyndaky toý mekanynda geçirilen bäsleşige şäherdir etraplardan ussat keçeçi gelin-gyzlar gatnaşdylar.

Gülüň owadan bäsleşigine gatnaşýan gyz-gelinler ata-babalardan miras galan keçe sungaty hakynda keçe basmagyň aýratynlyklary, ýüň saýlanylyşy, ýüňleri reňklemek, olaryň daralyşy, gamyş dokalyşy barada gürrüň bermek, ýüňi pişgeläp, keçäni güllemek ýaly iş pursatlaryny görkezmek, keçe bilen baglanyşykly gyzykly rowaýatlary, yrymlary we däp-dessurlary aýdyp bermek ýaly şertler boýunça çykyş etdiler.

Netijede, Türkmengala etrabyndan Ogulgerek Şakulyýewa 1-nji, Mary etrabyndan Ogulnur Muhammetsaparowa 2-nji we Tagtabazar etrabyndan Äşe Öwezekowa 3-nji orunlara mynasyp boldular. 1-2-nji orunlary eýelänler bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Ýene degişli makalalar

Ata Watanymyz bagtyýar çagalygyň ýurdy
Türkmenistanyň ýaş alymlarynyň arasyndaky bäseşigiň 2021-nji ýyldaky ýeňijileri belli boldy
Happy Childhood
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
Abadan, asuda Bitarap Watan
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda