Gülüň owadan! atly bäsleşigiň Lebap welaýat tapgyry geçirildi

Gülüň owadan! atly bäsleşigiň Lebap welaýat tapgyry geçirildi

Türkmenabat şäherindäki Goşa çyrag toý dabaralary merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty tarapyndan eli çeper zenanlarynyň arasynda yglan edilen Gülüň owadan! atly bäsleşigiň Lebap welaýat tapgyry geçirildi.

Türkmen gündogary gazetiniň habar bermegine görä, bäsleşigiň bu tapgyryna welaýatyň dürli ýerlerinden eli çeper zenanlar gatnaşyp, türkmen milli keçesini taýýarlamakda, gadymy nagyşlary keçä salmakda ulanylýan usullar, gamyş dokamak, ýüňi saýmak, boýamak, daramak, keçelere salynýan nagyşlar we olaryň taryhy dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler.

Eminleriň biragyzdan gelen netijesine görä, Saýat etrabyndaky 4-nji çagalar bakja-bagynyň işgärleri Öwezgül Agajanowa bilen Şirin Akyýewa birinji, Halaç etrabynyň çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň işgärleri Mähri Ahmedowa bilen Güljahan Mustakowa ikinji, Kerki etrabyndaky 21-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýat mugallymy Läle Almazowa hem-de etrap medeniýet öýüniň işgäri Jeren Orazgeldiýewa üçünji orunlara mynasyp boldular diýlip çeşmede bellenilýär.

Ýeňijilere Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Birinji orny eýelän zenanlar bu bäsleşigiň döwlet tapgyrynda Lebap welaýatyna wekilçilik ederler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Saparmyrat Atabaýew Duşenbe şäherinde geçirilen sebitleýin küşt ýaryşynda ilkinji üçlüge girdi
Gözelligiň nusgasy atly bäsleşigiň jemi jemlendi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Aşgabatda Kuraş boýunça Dünýä çempionaty geçirilýär