Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa Kuba Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Karlos Enrike Waldes de la Konsepsýiondan ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa Türkmenistan bilen Kuba Respublikasynyň arasynda dostlukly we netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Diplomat türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň adyndan Prezident Serdar Berdimuhamedowa, ähli türkmen halkyna mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Ilçiniň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň ählumumy howpsuzlygy, durnuklylygy we mundan beýläk-de durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça parahatçylyk döredijilikli başlangyçlary halkara syýasy giňişlikde, şol sanda Kuba Respublikasynda uly hormata eýedir. Diplomat ählumumy wezipeleri çözmek ugrunda ajaýyp üstünlikleri gazanan Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegi hormat hasaplaýandygyny nygtady.
Söhbetdeşligiň barşynda diplomata Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary barada gürrüň berildi.
Şeýle-de ilçi milli parlamentiň düzümi we amala aşyrylýan iri möçberli özgertmeler bilen baglylykda, ýurduň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy.
Söhbetdeşlikde türkmen-kuba parlament dostluk toparyny döretmegiň maksadalaýyk boljakdygy barada aýdyldy. Şunda parlament derejesinde gatnaşyklary, BMG-niň düzümleýin bölümleriniň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň wajypdygy bellenildi.
Diplomat söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary, şol sanda ylym-bilim, sport hem-de syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge öz ýurdunyň örän uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary üstünlikli ösdürmek üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyny nygtady.