Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginde 2007-nji ýylda surata düşürilip, mawy ekran arkaly halk köpçüligine ýetirilen “Gülýaka” atly çeper filmde uruşdan soň ýalňyz galan Gülnäz enäniň durmuş ýoly yzarlanýar. Gülnäz enäniň keşbini döreden Türkmenistanyň halk artisti Ene Baýramberdiýewa bilen duşuşyp, onuň bilen söhbetdeş bolduk.
— Ene daýza, söhbetdeşligimiziň başynda, ykbalyňyzy sungat bilen baglanyşdyryp, artist bolup ýetişmegiňiziň syryny aýdaýsaňyz.
— Men entek sekiz ýaşymdakam Balkan welaýatynyň häzirki Magtymguly şäherçesinde ýerleşýän 14-nji çagalar öýünde okamaly boldum. Çagalar öýünde bäş synpy okanymdan soň, okuwymy häzirki Balkanabat, Türkmenbaşy şäherlerinde dowam etmeli boldum. Ýöne maňa maşgala ýagdaýym sebäpli orta mekdepde diňe ýedi synpy tamamlamak nesip etdi. Şondan soň maňa ýene-de dogduk mekanym, häzirki Magtymguly etrap medeniýet öýüniň Aşgabatda geçiriljek çeper höwesjeňleriň gözden geçirilişine gatnaşmak üçin taýýarlyk görýändikleri baradaky habary aýtdylar.
Mende-de çeper höwesjeňler toparyna goşulyp, çykyş etmek höwesi döredi.Men bu pikirimi medeniýet öýüniň ýolbaşçysyna aýdanymda ol meni höwes bilen toparyna kabul etdi.Biz birnäçe wagt taýynlykdan soň Aşgabada sary ýola düşdük.
Menem şol gözden geçirilişde aýdym aýdyp, tans edip, goşgy okap, çykyş etdim. Şol gözden geçiriliş 1955-nji ýylda bolup geçipdi.Ol ýerde men kompozitor Ata Esadow bilenem tanyşdym.
Ata aga maňa Moskwa şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň medeniýet günlerine taýýarlyk görüp ýörendigini, şol sebäpli horda aýdym aýtmak üçin adam toplaýandygyny aýtdy.Menem özümiň höwesjeňdigimi oňa duýdurdym. Şondan soň, ol meni horuň hataryna goşdy.Şeýdip, 1955-nji ýylda hor topary bolup, Moskwada on günläp çykyş edip geldik. Şeýlelikde, men sungat älemine aralaşdym gidiberdim.
— Şu pursatlarda talyplyk ýyllaryňyzy ýatlamak siziň üçin has ýakymly bolsa gerek.
— Men 1955-nji ýylda öňki Medeni aň-bilim tehnikumynyň kitaphana bölümine resminamalarymy tabşyryp, döwlet synaglaryndan üstünlikli geçip, okap başladym.Tehnikumda okap ýörkäk biziň toparymyzy “Türkmenfilm” kinostudiýasynda surata düşürilip başlanan “Aşyr aganyň hötjetligi” atly çeper filmiň köpçülik sahnalaryna surata düşmäge alyp gitdiler. Şol wagt meniň gökdäki dilegim ýerde gowuşdy.
Tehnikumyň ikinji ýylyny tamamlanymyzdan soň, tomus pasly ýene-de biziň toparymyzy “Türkmenfilm” kinostudiýasynda önümçilige goýberilen “Allan aganyň maşgalasy” atly çeper filmiň köpçülik sahnasynda surata düşmäge alyp gitdiler.Bu filmde menden režissýoryň kömekçisi bolup işläp bermegimi hem haýyş etdiler. Şol filmde maňa türkmen sungatynyň ägirtleri, halypalar, meşhur Alty Garlyýew, Aman Gulmämmedow, Täçbibi Gafurowa dagy bilen işleşmek miýesser edipdi.
Tehnikumyň üçünji ýylynyň başynda meni okuwymdan boş wagtlarym öňki Magtymguly adyndaky opera we balet teatrynda sahnalaşdyrylýan spektakllardaky köpçülik sahnalarynda çykyş etmek üçin işe kabul etdiler.Ol ýerde bir ýyl işläp, tehnikumyň gutardyş döwlet synaglaryna taýynlyk görüp ýörkäm, metbugatda çap edilen bir bildiriş meniň ünsümi özüne çekdi.
Onda Moskwa şäherinde ýerleşýän Lunaçarskiý adyndaky teatr institutyna türkmen oglan-gyzlaryny okuwa kabul etmäge gelýändikleri baradaky habar ýerleşdirilipdir.Bu okuwy okamak höwesi mende-de döredi.Men wagt ýitirmän, jogapkär işgäriň ýanyna bardym.
Ol maňa kömek etjekdigini aýtdy.Moskwadan döwlet synagyny almak üçin gelen topar meniň aýdyp beren aýdymymdan, ýerine ýetiren tansymdan, okan goşgymdan, görkezen sözsüz etýudymdan hoşal bolup, ikinji synagyňy tabşyryber diýdiler.
Men ikinji synagam üstünlikli tabşyrdym. Üçünji synagy institutyň özüne baryp tabşyrmaly eken. Şeýdip, jemi 13 sany oglan-gyz bolup Moskwa sary ýola düşdük.Ol ýerde üçünji synagam tabşyryp, talyp bolup galyberdik we on üçler adyna eýe bolduk.
Instituta baranymyzdan soň bize pedagog Olga Pižowa tälim berip başlady.Institutda Nurmuhammet Keşşikow, Hommat Müllük, Aman Baýramberdiýew, Myrat Agabaýew, Tylla Ýakubowa, şeýle-de Hommat Kakajanow, Nurtäç Toýgulyýewa, Artyk Baýramow, Aşyr Gylyjow dagy bilen bile okadyk.
Institutda biziň toparymyz dört sany spektakly sahnalaşdyrdy.Olar “Kalina tokaýlygy”, “Ajaýyp tebip”, “Gara garga”, “Bagyrdaky daş” ýaly oýunlar bolup, olaryň ählisinde maňa baş keşbi janlandyrmak ynanyldy.Maňa bolsa mugallymlaryň ynamyny ödemek, olaryň synagyndan üstünlikli geçmek başartdy. 1963-nji ýylda biz toparymyz bolup instituty tapawutlanan diplom bilen tamamlap Aşgabada geldik.
Gelşimize biziň on üçümizem şol wagtky Mollanepes adyndaky türkmen döwlet akademiki drama teatryna işe ýerleşdirdiler.
— Ýokary okuwy tamamlap gelen ýaş hünärmen hökmünde türkmen teatrynyň sahnasynda ilkinji we soňky döreden keşpleriňizi hem ýatlap geçäýseňiz.
— Teatryň sahnasynda ilkinji döreden keşbim “Çanduwyň başdan geçirenleri” atly spektakldaky Puşmanyň keşbi bolupdy.Soňam “Ýalaňaç adamlar” spektaklynda Kümüşiň, “Bu nähili beýle bolýar” spektaklynda Züleýha atly gyzyň keşbini janlandyrdym. 1965-nji ýylda meni öňki Ýaş tomaşaçylar teatryna işe çagyrdylar.
Bu teatryň sahnasynda bolsa maňa “Aý tutulan gijesi” sahna oýnundaky baş keşp Zümerrediň, “Baharyň yssy günlerinde” baş keşp Maralyň, “Parada” Aýperiniň, “Gyzaryp ýaşan şapakda” Selbiniň, “Mukaddes söýgüde” baş keşp Täjiniň, “Magtymguly Pyragyda” Seregülüň keşplerini janlandyrmagy ynandylar.
Bu keşpler teatr muşdaklarynyň söýgüsine mynasyp bolan keşplerdir. Ýaşlar teatrynda işläp ýörkäm, Türkmenistanyň halk artisti Kakajan Aşyrow meni özüniň täze açan “Jan” teatryna işe çagyrdy.Bu teatryň sahnasynda-da maňa ululy-kiçili keşpleriň birnäçesini janlandyrmak miýesser etdi.Şolaryň içinde maňa has ýakyn keşp “Suwulgan” atly spektakldaky keşp boldy.
Bu spektakl häzirki wagtda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynyň repertuaryny “Täsin söýgi” ady bilen bezäp dur.Men teatrda 37 ýyl işlänimden soň sahna bilen hoşlaşyp, hormatly dynç alyşa çykyp, öý işleri bilen meşgul bolýaryn.
— Özüňize meşhurlyk getiren “Gülýaka” filmindäki Gülnäz enäniň ykbaly, onuň özüňizde galdyran täsiri barada aýdaýsaňyz.— Men “Gülýaka” filminden öňem kän kinoda surata düşüpdim. “Aşyr aganyň hötjetligi”, “Allan aganyň maşgalasy”, “Jemalyň daragty”, “Aýal ata çykanda”, “Ýyldyzlar öçmeýärler”, “Ak guşuň owazy” ýaly filmlerde dürli-dürli häsiýetdäki zenanlaryň keşplerini janlandyrmak maňa miýesser edipdi.
Indi Gülnäz ene barada aýtsam, onuň ykbaly agyr bolýar, urşuň yzynda galyp, ýaşlykdan söýgülisini hem-de onuň beren sowgadyny ýitirýär.Ol ýitgiler Gülnäz üçin uly urgy bolýar.Ezizsiz hem gülýakasyz galan Gülnäz ýagşy dilegde bolup ýaşaberýär.
Günlerde bir gün, ol şol gülýakany bazarda görüp, satyn almakçy bolýar.Emma puly ýetmeýär.Gülnäz ene ýekeje sygryny satyp, eli pully bazara barsa, gülýaka eýýäm satylypdyr.Ol lapykeç bolup bazardan gaýdýar.
Gülnäz ene gülýakany gözläp kän gezýär.Ol şäherdäki myhmanhananyň hemmesine aýlanyp çykýar.Emma gülýakany satyn alan daşary ýurtly zenana gabat gelmeýär.Ol baran myhmanhanasyna ýagdaýyny düşündirip, öý salgysyny goýup gaýdýar.
Günlerde bir gün hälki gülýakany satyn alan daşary ýurtly zenan Gülnäz enäň öýüne gelip, oňa sowgat berlen gülýakany gowşurýar.Ol aýal Gülnäz enäniň mertligine, wepalylygyna uly sarpa goýup, oňa minnetdar bolýar.
Men Gülnäz enäniň keşbini janlandyranymdan soň, kino muşdaklaryndan birnäçe hatlar gelip gowuşdy.Gülnäz enäniň keşbiniň özlerinde tolgundyryjy ýagdaýy döredenligini aýtmak bilen maňa guwanýandyklaryny aýdýardylar.Artist üçin bolsa tomaşaçynyň aňynda galyp, onuň sagbolsunyny gazanmakdan uly bagt ýok.
Eger men Gülnäz enäniň keşbi bilen halkyň aňynda galmagy başaran bolsam, onda meniň şol keşbe siňdiren azabymyň ýerine gowuşdygydyr.Filmiň ekrana çykanyndan kän wagt geçmänkä bolsa, maňa Türkmenistanyň halk artisti diýen hormatly at dakyldy.
Men bu belent sylag üçin Gahryman Prezidentimize köp sagbolsun aýdýaryn!Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!Alyp barýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
— Ene daýza, okyjylarymyz üçin maşgala ýagdaýyňyz bilen tanyşmak hem gyzykly bolsa gerek.
— Ýanýoldaşym hem Moskwada bileje okan kursdaşym, merhum Aman Baýramberdiýew.Ony hemmeler tanaýandyr.Ol ençeme ýyllap telewizorda “Siziň üçin, körpeler!” gepleşigini alyp bardy. “Türkmenfilmiň” terjime bölüminde hindi kinofilmleriniň baş gahrymanlaryna mahmal sesini berip geldi. Ýaş tomaşaçylar teatryna ýolbaşçylyk etdi.
Aman bilen üç çagany bir gyz, iki ogly ösdürip, kemala getirdik.Gyzym Gunça lukman, uly oglum Guwanç telekeçi, körpäm Begenç ýurist bolup işläp ýörler.Dört sany agtygym bar.
— Ene daýza, beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň!.