Gülnabat Kadyrowa agyr atletika boýunça Aziýanyň çempionatynda kümüş medala mynasyp boldy

Gülnabat Kadyrowa agyr atletika boýunça Aziýanyň çempionatynda kümüş medala mynasyp boldy

Türkmenistanly agyr atletikaçy Gülnabat Kadyrowa şu günler Bahreýnde geçirilýän Aziýanyň çempionatynda zenanlaryň arasynda 71 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medala mynasyp boldy.

Kadyrowa ştangany götermegiň iki görnüşiniň jemi boýunça 219 kilogramlyk netije görkezdi. Onuň silterläp götermekdäki netijesi 102, iteklemekde bolsa 117 kilograma ýetdi. Bu agram derejesinde hytaýly Ýan Sýusýa (228 kilogram; 106+122) Aziýanyň çempiony boldy. Ilkinji üçlügi 210 kilogram agyrlygy eýgerip (99+116), mongiliýaly Anuujin Ganzorig jemledi.

Şeýlelikde, Türkmenistan Manama şäherinde geçirilýän Aziýanyň çempionatynda ikinji medalyny gazandy. Mundan ozal zenanlaryň arasynda 49 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşan Ýulduz Jumabaýewa bürünç medala mynasyp bolupdy.

Bahreýndäki yklym çempionaty 16-njy oktýabrda tamamlanar.

Ýene degişli makalalar

Bahreýnde agyr atletika boýunça Aziýanyň çempionaty tamamlandy
Gazagystan we Türkmenistan göni howa gatnawyny dikeltmegiň üstünde işlärler, Mirziýoýew Aşgabada geler, Maryda ýapon medeniýetiniň günleri geçirildi
Türkmenistanyň agyr atletika ýygyndysy dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Er-Riýad şäherine bardy
Agyr atletika boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi
Türkmenistanda sekuntda 2,13 kubmetr kuwwatlykly suw sorujy stansiýa gurlar, Daşary ykdysady iş banky MasterCard ulgamyny synagdan geçirer, Kadyrowa agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda kümüş medala eýe boldy
Ildeşimiz Aziýanyň wise-çempiony boldy