Gülnabat Abdullaýewa halkara teatr festiwalynyň Iň gowy zenan keşbi üçin baýragyna mynasyp boldy

Gülnabat Abdullaýewa halkara teatr festiwalynyň Iň gowy zenan keşbi üçin baýragyna mynasyp boldy

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 1 — 4-nji noýabry aralygynda Azerbaýjanyň Baku şäherinde TÜRKSOÝ-yň I halkara teatr festiwaly geçirildi. Bu festiwalda Türkmenistanyň adyndan Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň döredijilik topary çykyş etdi.

Türkiýeden, Gazagystandan, Azerbaýjandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan gelen döredijilik toparlary bilen birlikde, Türkmenistan döwletimiziň adyndan çykyş eden teatr artistleri Leýli — Mejnun dessany esasynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarowyň ýazan pýesasy boýunça sahnalaşdyrylan Söýgi we hasrat atly sahna eseri bilen çykyş etdiler.

Ildeşlerimiziň Azerbaýjanyň döwlet akademiki rus drama teatrynyň sahnasynda ýerine ýetiren çykyşy halkara festiwala gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

TÜRKSOÝ-yň I halkara teatr festiwalynyň ahyrynda oňa gatnaşan ýurtlaryň döredijilik toparlarynyň artistlerine ýörite baýraklar gowşuryldy. Bu festiwalda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artisti Gülnabat Abdullaýewa festiwalyň Iň gowy zenan keşbi üçin baýragyna mynasyp bolmagy başardy.

TÜRKSOÝ-yň I halkara teatr festiwalyna gatnaşýan ýurtlaryň döredijilik toparlarynyň çykyşyna baha bermek üçin eminler topary döredildi. Alty adamdan ybarat toparyň agzalarynyň arasynda Türkmenistanyň halk artisti Gülälek Akmyradowanyň bardygyny hem bellemek gerek. Eminler topary festiwalyň dowamynda artistleriň aktýorlyk başarnygyna, wakalaryň goýluş yzygiderligine, egin-eşiklere we grimine, şeýle-de spektakllaryň çeper bezegine baha berdiler.

Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artisti Gülnabat Abdullaýewa şu ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden Türkmeniň Altyn asyry atly bäsleşigiň ýeňiji bolup, Türkmenistanyň Prezidentiniň Şa serpaýyna hem mynasyp bolmagy başardy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry halkara festiwalyň ýörite Diplomyna mynasyp boldy
Gülnabat Abdullaýewa halkara festiwalyň Iň gowy zenan keşbi üçin baýragyna mynasyp boldy
Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijileri mälim edildi
Türkmen teatry halkara festiwalyň ýörite Diplomyna mynasyp boldy
Söýgi we hasrat atly sahna eseri halkara festiwala gatnaşyjylara görkezildi
Birnäçe daşary ýurt raýatyna Türkmenistanda Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli ýadygärlik nyşany gowşuryldy