Gülme goňşyňa…

Gadym eýýamda bir tilkijik bar eken.Bu tilkijik güýz günleriniň birinde aw gözläp ýörkä, gapana düşüpdir.Tilki gapandan sypjak bolup hernäçe urunsa-da, hiç sypyp bilmändir.

Birnäçe wagtdan soň, awçy gelip tilkini gapandan sypdyrypdyr.Tilki öz-özüne: Bu adam indi meni boşatsa gerek diýip, pikir edip durka, awçy tilkiniň guýrugyna ýüp dakypdyr-da, arkasyna alyp gidiberipdir. Şol barşyna tilki guýrugyny ýolup gaçyp gidipdir. Şol gaçyp barşyna bu tilkijik bir süri tilkiniň üstünden barypdyr.

Sürüdäki tilkiler bujagaz tilkiniň guýrugynyň jontaryp durşuna gülşüpdirler.Her näme-de bolsa bu tilkijik olaryň gülkülerine öwrenişip, olar bilen ýaşaberipdir. Şeýlelikde, ýaňky tilkiler bujagaz tilkä Jotda tilki diýip at goýupdyrlar.

Günleriň bir gününde jotda tilki ýoldaşlaryna garap:

Dostlar, geliň, gurt oýnuny oýnalyň! − diýipdir.

Onda tilkiler:

− Gurt oýny diýýäniň näme? Ol oýun nähili oýun bolýar? Ol oýny nädip oýnamaly? − diýip sorapdyrlar.

Jotda tilki bolsa:

− Bu örän gyzykly oýun. Ýöne sizden: Bu oýny kimden öwrendiňiz? diýip sorasalar, meniň adymy berersiňiz. Men bolsa häzir size bu oýny öwredeýin − diýipdir.

Ol tilkileriň guýruklarynyň düýbünden ýüp bilen pugta daňyp, olaryň hemmesini bir agaja baglap çykypdyr. Soňra jotda tilki:

Men daş-töweregi gözden geçireýin, birden awçylar bolaýmasyn diýip, depä garşy ugrapdyr. Ol depä çykyp, töweregine seredipdir-de, birdenem:

− Haý, gaçaweriň, dostlar! Bir mergen atly ýetip gelýär − diýip, sesiniň ýetdiginden gygyryp, özi hem bir tarapa gaçan bolupdyr.

Agaja baglanan tilkiler Mergen gelýär sesini eşidenden biri-birinden öň gaçjak bolup, urunmaga başlapdyrlar. Şol barmana aňsatlyk bilen sypyp bilmejeklerine gözi ýeten tilkileriň hemmesi guýruklaryny ýolup, tokaýa tarap ökjäni göteripdirler.

Şondan soň bu tilkiler hem jotda bolup galypdyrlar. Bu wakadan birnäçe gün geçenden soň, şol jotda tilkijik bularyň ýanyna gelip:

Gülme goňşyňa, geler başyňa, Köp gülen bir aglar diýlenine indi düşündiňizmi? diýip, olara gyjalat beripdir.

Ýene degişli makalalar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar Geňeşiniň 16-njy mejlisindäki çykyşy
Towuk we tilki
Towuklara han boljak tilki
Ýeňijiler mälim edildi
Pudaklaýyn žurnalyň täze sanynda ekologiýa medeniýetiniň dürli ugurlary beýan edilýär