“Gülle medeniýetim sungatym meniň”

“Gülle medeniýetim sungatym meniň”

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde gurnamagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Gülle medeniýetim sungatym meniň” ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.

Döredijilik duşuşygynda Medeniýet milletiň mertebesine deňelýär.Sebäbi medeniýet milletiň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren maddy, ruhy gymmatlyklarynyň we kadalarynyň toplumy bolup, geljekki nesilleriň ruhy-ahlak jähetden kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin giň ýol açýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda asylly däbe öwrülip, her ýyl uly dabaralara beslenýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni, uly şatlyk-şowhun bilen bellenilýär.

Bu ýyl bolsa “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda Medeniýet hepdeligi Ak şäherimiz Aşgabatda bellenilmegi Medeniýet we sungat işgärlerini diýseň buýsandyrýanlygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda türkmen Medeniýetiniň, sungatynyň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegi ugrunda uly tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Magtymgulynyň jedelli’ goşgularynyň doňdurylan çekişmesi’ haçan açylar?
Arkadag şäherinde 4-lük belgili täze elektrobus gatnawy ýola goýuldy
“Magtymguly Pyragy - ynsan kalbynyň öçmejek nury”
Görnükli gündogarşynasyň türkmenler barada gündeliginde galdyran ýatlamalary
Çeker 'gazamadyndaky' golýazmalara türk-terjime çykalgasy, has uly bazar 'açylýar'
Dostluk festiwalynyň çäginde türkmen we özbek şahyrlary duşuşdylar