Gülki bolan tilki

(Erteki)

Ir zamanlar jeňňellikleriň birinde özüni akyllydyryn öýdýän bir tilki ýaşapdyr.Ol özüni ähli zatdan başy çykýan ýaly görkezip, beýleki janly-jandarlary aldawa salyp, masgaralamakdan lezzet alypdyr.

Hatda öz dostlaryny hem masgaralan tilki ýeke gezmegi gowy görýän eken.Tilkiniň bolşy, onuň hondanbärsi häsiýeti janly-jandarlaryň halys degnasyna degýär.Bir gün tokaýyň ähli jandarlary üýşüp, tilkä nädip hakykaty görkezip boljakdygyny, kimiň oňa sapak berip biljekdigini maslahat edýärler.

Olaryň arasynda köpi gören bir syçan tilkä pent boljak sapagy berip biljekdigini aýdýar.Muny eşiden jandarlar syçanyň ýeke özüniň muny nädip başarjakdygyna geň galýarlar. Ýöne başga çykalga bolmansoň, syçan bilen razylaşýarlar.

Syçan ertesi gün ir bilen janly-jandarlary masgaralamagyň we aldamagyň nähili erbetdigini görkezmek maksady bilen tilkiniň öýüne barýar. Şu gün kimi masgaralasamkam? Kimiň üstünden gülsemkäm? diýip, öýünden çykyp barýan tilki birden syçany görüp, onuň näme üçin gelendigini soraýar. Syçan:

Gadyrdan tilki. Eşidişime görä, siz bu jeňňeliň iň akylly jandary. Eger mümkin bolsa men size kömekçi bolmak isleýärin. Size kömekçi bolmak meniň iň uly arzuwym diýýär.

Tilki daş-töweregine hondanbärsi bolup seredip durşuna:

Hawa, men bu jeňňeldäki jandarlaryň iň akyllysy. Her niçigem bolsa, sen dogry aýdýaň. Men ýaly hormatlanýan tilkiniň hökman kömekçisi bolaýmaly diýip, syçana özüne kömekçi bolmaga rugsat berýär. Emma tilki ýedi derýanyň suwuny içen syçanyň özi üçin nähili duzak guranyndan bihabardy…

Tilki tokaýda aýlanyp, janly-jandarlary kemsidip, üstünden gülüp ýörkä, birden syçan oňa tarap öwrülip:

Siz gaty akylly, ýöne men arada pyşbaga bilen towşanyň siz barada eden gürrüňini eşitdim.Olaryň aýtmaklaryna görä, tokaýdaky jandarlaryň hemmesi sizi gorkak hasaplaýarmyş.Meniň pikirimçe, tutuş jeňňele özüňiziň nähili batyrdygyňyzy subut etmegiň wagty geldi.

Jeňňeliň günbatarynda bir guýy bar.Ol guýynyň düýbünde altyndan doly sandyk ýatyr.Siz diňe şol sandygy guýudan çykaryp, özüňiziň batyrdygyňyzy olara görkezip bilersiňiz. Şu çaka çenli muňa hötde gelen jandar ýok diýip, tilkiniň gonjuna gor guýýar.

Aslynda bolsa, syçanyň pirimleriniň hemmesi tilkini aklyna aýlamak üçin guran duzagydy. Tilkiniň bökjek bolýan çuňňur guýusynda hiç hili altyn hem ýokdy.

Syçanyň pirimine ynanan tilki şol guýa baryp, sandygy çykarmagy ýüregine düwýär.Ertesi gün syçan tokaýyň ähli janly-jandarlaryny guýynyň daşyna jemleýär.Tilki ähli jandaryň şaýatlygynda özüniň näderejede batyrdygyny subut etmek üçin guýynyň içine bökýär.

Suwly guýa şarpyldap düşen tilki suwa gark bolup barşyna Kömek ediň… diýip, naýynjar gygyryp başlaýar.Bolup geçýän zatlara şaýat bolan jandarlar Haý, akmak diýsänim diýip, tilkiniň üstünden gülüp başlaýarlar. Şol wagt tilki başgalary kemsitmegiň, olaryň üstünden gülmegiň nähili gabahat işdigine düşünýär.

Ol özüniň ýalňyşandygyny boýun alyp, ähli jandardan ötünç sorap, özüni guýudan çykarmaklaryny towakga edýär. Şeýlelikde, jeňňeliň jandarlary tilkiniň günäsini ötüp, ony guýudan çykarýarlar.Tilki şondan soň hiç kime ýamanlyk etmändir.

Ýene degişli makalalar

Tilki bilen pişik
Gargadan ýeňlen tilki
MÖJEK BILEN TILKINIŇ DOSTLUGY
Gadymy ikbaşlar
Dutaryň owazy Halkara gözden geçirilişiniň çäklerinde Gurbannazar Ezizowyň goşgularyna eserleriň bäsleşigi yglan edildi
Puşkin adyndaky teatrynyň täze oýny maşgala gymmatlyklary barada