“Gülen hereketi” bilen ilteşikli bolmakda höküm edilen tussagyň soňky ykbaly barada alada bildirilýär

“Gülen hereketi” bilen ilteşikli bolmakda höküm edilen tussagyň soňky ykbaly barada alada bildirilýär

Azatlyk Radiosyna “Gülençiler hereketi” diýilýän bilen ilteşikli bolmakda güman edilip, uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edilen, ýöne şu wagta çenli bilinmedik tussaglaryň ýene biriniň “jenaýat işi” hakynda maglumat gelip gowuşdy.

Bu maglumaty anonimlik şertinde Azatlyga ýetiren tussagyň maşgalasynyň ýakynlarynyň biri 2017-nji ýylda tussag edilen Muhtar Seýidowdan ýedi ýyldan gowrak wagt bäri hiç hili habar alyp bolmaýandygyny, onuň nähili ýagdaýdygy barada maglumatyň ýokdugyny aýdyp, soňky ykbaly barada alada bildirýär.

“Lebap welaýatynyň Türkmenbat şäherinde ýerleşýän “Bagtyýarlyk” we “Bahar” (häzir hyzmatlar merkezi) toý mekanlarynyň eýesi bolan Muhtar Seýidow 2017-nji ýylda tussag edildi.Onuň iki sany ýaş oglan bilen töleg esasynda jynsy gatnaşyga girendigi, beçebazlyk edendigi aýdylyp, Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 135-nji maddasy (täze JK-de 133-nji madda) esasynda ýalan aýyplama bildirildi we 20 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi” diýip, ygtybarly çeşmämiz aýtdy.

Ony ýakyndan tanaýan çeşmämiz we Türkmenabat şäher polisiýa bölümindäki ýene bir çeşmämiz Muhtaryň kazyýet işiniň ýapyk gapylaryň arkasynda geçirilendigini we kazyýetiň gelen kararynyň galplaşdyrylan, ygtybarsyz görkezmelere daýanýandygyny aýdyp, häkimiýetleriň “onuň biznes edip gazanan emlägine göz dikendigini” belleýärler.

“Muhtaryň elindäki emlägini almak bahanasy bilen, prokuratura we Milli howpsuzlyk ministrligi ony “Gülençiler” diýilýänler bilen bir hatarda basdylar. Welaýatda “Muhtar wakasy” diýlip giňden bilinýän hadysada Muhtar korrupsion sistemanyň pidasy boldy” diýip, polisiýadaky çeşmämiz anonim şertde aýtdy.

Muhtaryň maşgalasynyň ýakynlarynyň biri şonuň üçin hem onuň tussag edilen gününden bäri daşarky dünýäden berk üzňelikde, hiç bir hossaryna görkezilmän saklanylýandygyny, onuň nirede we nähili ýagdaýdadygy barada hiç hili habaryň ýokdugyny, hossarlarynyň onuň soňky ykbaly barada juda aladalanýandygyny belleýär.

“Polisiýadaky çeşmeler onuň Baýramalynyň türmesinde gabalandygyny aýdýarlar. Başga-da hiç hili habar ýok” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.

Ol Muhtaryň tussag edilen döwründe onuň bilen garyndaşlyk ýa-da tanyşlyk gatnaşygy bolan adamlaryň onlarçasyna hem MHM işgärleri tarapyndan ýiti basyş edilendigini aýdyp, şeýle diýdi:

“Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň öňki kafedra müdirleriniň biri [red: howpsuzlyk aladalary sebäpli onuň adyny we familiýasyny bermekden saklanýarys] Muhtar bilen garyndaşlyk gatnaşygy bolanlygy sebäpli, bir aýa golaý wagt tussaglykda saklandy. Şonda ol mikro insult geçirip, onuň çep eli gymyldamaz bolup galdy” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Lebabyň häkimiýetlerinden, şol sanda Polisiýa müdirliginden we MHM-niň ýerli edarasyndan teswir alyp bilmedi.

Bu maglumat, “Gülen hereketi” diýilýän bilen ilteşikli bolmakda güman edilip, ýa-da emläklerini almak üçin matlaply aýyplanandyr öýdülýän, ýöne şu wagta çenli bilinmedik tussaglaryň ýene biriniň jenaýat işi’ hakynda Azatlyga soňky bir aýyň dowamynda gelip gowşan ikinji habardyr.

Türkmen türmesinde 'diri ýiten', ýedi ýyldan gowrak bäri nirede, nähili ýagdaýda saklanylýandygy bilinmeýän Şatlyk Ýagmurowyň maşgalasynyň ýakynlarynyň biri, onuň daşary ýurtda ýaşaýan aýalyna abanýan 'howp barada eşiden elin habaryndan' soň, anonimlik şertinde 9-njy maýda Azatlyga ýetirdi.

Şonda çeşmämiz Ýagmurowa hem, TJK-nyň 135-nji maddasy esasynda (täze JK-da 133-nji madda), beçebazlyk eden, 14 ýaşlaryndaky oglany zorlan hökmünde höküm çykarylandygyny we onuň 2017-nji ýylyň iýun aýynda 17 ýyl azatlykdan mahrum edilendigini aýtdy.

Emma ony ýakyndan tanaýan adamlar paýtagtdaky kazyýetiň ýapyk gapylaryň arkasynda gelen kararynyň galplaşdyrylan, ygtybarsyz görkezmelere daýanýandygyny we häkimiýetleriň “onuň biznes edip gazanan emlägine göz dikendigini” bellediler.

Maşgalanyň ýakyn tanşynyň we beýlekileriň tassyklamagyna görä, Ýagmurowyň Türkmenabatdaky, Aşgabatdaky we Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky jaýlary, awtoulagy, dükany we beýleki zatlary döwletiň haýryna geçirildi.

Azatlygyň söhbetdeşi indi türkmen häkimiýetleriniň Şatlygyň aýalyny gözleýändigi barada eşidendigini hem belledi.

“Türkiýede pasport möhleti gutaryp, konsullyga ýüz tutanda, ol naçaryň şol ýurtda işleýändigini bilipdirler. Ýöne ol, bir hepdeden pasportyny almaga baryp, konsullygyň işgäri bir ädim bärik süýşsene’ diýende, yza çekilip, iş berijisi bilen ol ýerden çykypdyr we wagtynda gizlenmäge ýetişipdir. Şondan bäri, habarly adamlaryň aýtmagyna görä, häkimiýetler onuň yzyny çalýarlar. Şatlyk Ýagmurowyň 'ýok edilişiniň' syzyp çykmagyndan alada galýan bolsalar gerek.

Eger tutulsa, Şatlygyň aýaly hem türmede ýitirim edilip bilner” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

2016-nji ýylda Türkiýede bolup geçen agdarylyşyk synanyşyklary bilen bagly wakalar boýunça türk hökümeti Birleşen Ştatlarda ýaşaýan din ruhanysy Fethullah Güleni we onuň yzyna eýerijileri aýyplapdy.

Bu wakadan soňra, Türkmenistan 2017-nji ýylda “Gülen hereketi” bilen ilteşikli bolmakda güman edilýän 18 türkmenistanly raýaty uzak möhletli türme tussaglygyna höküm etdi.

Galyberse-de, şol ýylyň maýynda Azatlygyň ýerli çeşmeleri “Gülençiler hereketi” bilen ilteşikli bolmakda aýyplanyp, diňe Lebapda azyndan 50 çemesi adamyň tussag edilendigini habar berdiler.

Şonda türkmen hökümetindäki ynamdar çeşmelerimiz bu raýatlaryň aglabasynyň “birnäçe jaýly, dükanly we emläkli ýaş biznesmenlerdigini we olaryň ep-esli girdejili telekeçilik işleriniň bolandygyny” aýdyp, olaryň “häkimiýetleriň adamlaryň hususy emlägini almak ugrundaky oýunlarynyň pidasy” bolandygyny belläpdiler.

Çeşmelerimiziň ýene biri bolsa, häkimiýetleriň “Aşgabatda geçirilen Aziý aoýunlarynyň öň ýanynda, çynlakaý maliýe ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny we şol sebäpli ýaş biznesmenleriň emlägine göz dikendigini” gürrüň beripdi. Türkmenistan 2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gabatlap gurlan desgalara 7 milliard dollar harçlapdy.

Türkmen häkimiýetleri ýokarda aýdylanlary ne inkär edýärler, ne-de tassyklaýarlar. Bu barada resmi media hem häzire çenli dymýar.

2018-nji ýylyň iýunynda BMG-niň Eden-etdilikli tussag edilmeler boýunça Işçi topary Türkmenistanda “gülençi” bolmakda güman edilýän 18 adamyň “eden-etdilikli tussag edilip, türme tussaglygyna höküm edilendigi” barada netije çykardy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Çeşme: Türmede ýiten biznesmeniň daşary ýurtdaky aýalyna howp abanýar
Türk ilçisi: Türkiye “FETO” garşy göreşde goldaw berenligi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirýär
'Gülen hereketi' bilen ilteşikli hasaplanyp, soraga çekilen mugallymlar täze basyşlardan gorkýar
ABŞ din azatlygynyň basgylanmagyna 'keseden seredip durmajagyny' aýdýar
“Gülençidigi” öýdülip tussag edilenleriň biri türkmen türmesinde öldi
Türkiýede gülençidigi’ güman edilýän bir türkmenistanly tussag edildi