Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjigindäki “Sport” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherinde tamamlanan sambo boýunça 41-nji dünýä çempionatynda altyn medal gazanan türkmen samboçysy Gülbadam Babamuratowany sylaglamak dabarasy geçirildi. 26 ýaşly at gazanan sport ussady ajaýyp ýeňşini 52 kilograma çenli agram derejesinde gazandy.
Dünýä derejesinde ajaýyp netijeleri görkezen türgen gyzymyza hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Sport baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň tälimçileri hem-de esasy türgenleri, hünär ugurly ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we mugallymlary dünýä derejeli ýokary gazanylanlar sportunda Türkmenistana mynasyp wekilçilik eden G.Babamyratowany mähirli gutladylar.
Gülbadam iri halkara ýaryşlarynyň ençeme gezek ýeňijisidir. Ol meşhur hem-de derejeli bäsdeşlerinden köp gezek üstün çykyp, öz garşydaşlarynyň arasynda hormat gazandy. Ine, Soçide hem samboçy gyzymyz ýokary ussatlygyny görkezip, altyn medala mynasyp boldy.
Ilkinji bäsleşikde Gülbadam 2013-nji ýylda dünýäniň wise-çempiony, Ýewropa-2017 çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi bolgariýaly Magdalena Warbanowany, soňra bolsa 2017-nji ýylda ýetginjekleriň arasynda Serbiýanyň Nowi-Sade şäherinde geçirilen dünýäniň ýaşlar çempionatynyň kümüş medalynyň eýesi rumyniýaly Diano Truisoýy ýeňmegi başardy.
Ýarym final ýaryşynda G.Babamuratowa 2016-njy ýylda Aziýanyň çempiony bolan gazagystanly Gülnur Ýerbolowa bilen tutluşdy. Ol bu türgen bilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabatda geçirilen V Aziýa oýunlarynda-da duşuşypdy. “Aşgabat 2017”-niň oýunlarynda bolşy ýaly, Soçi şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda Türkmenistanyň iň gowy türgeni ýene-de ýeňiş gazandy.
Final bäsleşiginde Gülbadam ýer eýesi - russiýaly, Kazanda geçirilen Ýewropa çempionatynda bürünç medaly eýelän Ýuliýa Wisina bilen tutluşdy. G.Babamuratowa 7:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazanyp, zenanlaryň arasynda sambo boýunça ikinji gezek dünýäniň çempiony diýen derejä mynasyp boldy.
Ýeri gelende aýtsak, türkmen samboçysy dünýä çempiony diýen ilkinji derejesini 2012-nji ýylda Minskide geçirilen dünýä çempionatynda eýeläpdi.
Çempion gyzymyzyň belleýşi ýaly, bu ýaryşyň şu ýylda jemleýji bolup durýandygy ony ýeňiş gazanmaga iterdi.Diýmek, bu ýaryş öňde goýlan wezipäni—şu ýylyň ähli ýaryşlaryny ýeňmek maksadyny amala aşyrmakda soňky mümkinçilik boldy.
Bu ýaryşa çenli Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň baýragy, sambo boýunça “Memorial Harlampiýew” adyndaky dünýä Kubogy ugrundaky ýaryşlarda, Daşkentde geçirilen sambo boýunça Aziýa çempionatynda, Aşgabatda geçirilen V Aziýa oýunlarynda we häzirki dünýä çempionatynda ýeňişler gazanyldy.
Bu üstünlikler öňde goýlan belent wezipäni abraý bilen ýerine ýetirmäge mümkinçilik berdi.