Gubuzlyk üçin tebigy çözgüt teklipleri

Gubuzlyk üçin tebigy çözgüt teklipleri

Gepleşigimiziň nobatdaky sanynda gubuzlyk üçin tebigy çözgüt tekliplerimizi dykgatyňyza ýetirmekçi.

Ilkinji nobatda;

· Kakadylan miweleriň iýmek maslahat berilýär.

· Zeýtun, naharlarda zeýtun ýagy we käkilik otuny ulanyň.

· Aşa köp kafein sarp etmäň.

· Süýt we süýt ömümlerini aşa köp sarp etmäň.

· Suwy we suwk önümleri köp sarp ediň.

· Hereket ediň.

· Süýmli bakja, miwe we galla önümlerini sarp ediň.

· Lukmalaryňyzy gowy çeýnäň.

· Hajathana islegi yza süýşürilmeli däl.

· Haýsy azyklaryň gubuzlyga sebäp bolýandygy anyklanmaly we olardan daş durulmaly.

· Gubuzlygyň aýrylmagyna peýdaly bolan ösümlerden narpyz çaýy, rezene çaýy, itburny çaýy, zenjebil çaýy, alma çaýy, ekineziýa, sinameki maslahat berilýär.

· Gubuzlygyň aýrylmagyna peýdaly armyt, erik ýaly miweleri köp iýmek maslahat berilýär.

Ýyly ösümlik çaýlary gubuzlygyň aýrylmagy üçin maslahat berilýär.

Bäbeklerde gubuzlyk näme üçin bolýar, nähili aýrylýar?

Bäbeklerde gubuzlyk biynjalyklygy bäbegiň aşgazanyna we arkasyna massaž etmek arkaly aýrylýar. Gubuz bolan bäbege miwe pýurelerini iýdirmek, çorbasyna zeýtun ýagyny goşmak maslahat berilýär.

Çagalarda gubuzlyk näme sebäpden bolýar we nähili aýrylýar?

Çaglgarda gubuzlyk şekerli azyklary sarp etmek, ýeterlik suw içmezlik, hajathana gitmegi gaýra goýmak, stress, psihiki meseleler, aşa süýt içmek we aşa köp garbanarlyk iýmek sebäpli ýüze çylyp biler.

Çagalaryň hereketli gurluşlary bolany üçin sagdyn iýmitlenen halatynda gubuzlygy ýeňil geçirip bilerler. Kakadylan miweler we şol miwelerden taýýarlanan azyklar sarp edilmeli.

Göwrelilik mahalyndaky gubuzlygyň sebäpleri we ol nähili aýrylar?

Göwrelilik mahalynda gormonlaryň üýtgemegi we bedeniň gurluşynyň özgermegi gubuzlyga sebäp bolýar. Göwrelileriň sagdyn iýmitlenmegi we günde azyndan 45 minut ýöriş etmegi maslahat berilýär. Göwrelilik mahalynda gubuzlygy aýyrmak üçin ýygy-ýygydan we az iýmek endik edilmeli.

Gyzyl we kak erik bilen galla önümleri gubuzlygy aýyrýar.

Gubuzlygyň öňüni almak üçin günde azyndan 2 litr suw içmeli.

Öýde taýýarlanan sok, limonat içmek maslahat berilýär. Gazly we kafeinli içgilerden daşda durmaly.

Gubuzlygyň aýrylmagy üçin peýdaly azyklar;

Erik:

Esasanda aç mahalyňyz erik iýlende içgeleriň işleýişi çaltlanýar we buşukmagy ýeňilleşdirýär. Gysga möhletde peýdalanmak üçin ertir turan mahalňyz aç garna bir käse erik soguny içiň.

Ertirlik naharynda 3-4 sany kak erik iýmek siňdiriş ulgamyny kadalaşdyrar.

Banan

Birnäçe günüň dowamynda ertirlik naharyna banan bilen başlamak gubuzlygy azaldar we ony aýyrar.

Süle

Süle ýyly suwda ýumşadyp, iýmek siňdiriş taýdan peýdaly bolar.

Fenhel çaýy

Agşam nahardan soň ýa-da günorta mahaly günde bir käse içmek maslahat berilýär.

Ak Kelem

Gysga möýletde çözgüt tapmak üçin kelemiň ýapraklaryny gaýnadyp, onuň suwuny için. Edil şonuň ýaly hem kelem dolamasy rahatlandyrýar.

Injir

Naharlaryň arasynda ýa-da ertirlik naharynda 4-5 kak injir iýmek içegedäki siňdiriş näsazlygyny aýyrýar. Ter injir iýmek hem maslahat berilýär.

Zeýtun ýagy

Iň gowy netijäni almak üçin bir çemçe zeýtun ýagyny içmek maslahat berilýär. Eger ony içmek size kyn bolsa, naharda zeýtun ýagyny ulanyn.

Armyt

Armydyň, esasanda gaby bilen iýilmegi peýdalydyr.

Poroý sogany

Poroý soganyny zeýtun ýagynda bişirip, iýmek maslahat berilýär.

Limonly gatyk

Bir käse gatyga birnäçe damja limon sykyň we ony gubuzkaňyz iýin.

Kofeli süýt

Türk kofesi goşulan ýyly süýdi içmek, aşgazanyň işlemegini we siňdiriş ulgamynyň hereketlenmegini üpjün eder.

Indi bolsa size gubuzlyk üçin peýdaly sirobyň taýýarlanyşy reseptini bermekçi

Gerek bolan önümler: ½ käse kak erik, 1 sany limonuň suwy, 100 ml. Suw.

Taýýarlanyşy:

Kak erikleri we limonuň suwuny blenderden geçiriň. 2 minut soň suw goşup, goýulaşýança garyň. Sarp edilenden galanyny bankada sowadyja goýuň.

Ýene degişli makalalar

Saç goňagy we onuň tebigy bejergi usullary
Saç goňayny aýyrmak üçin käbir tebigy teklipleri
Terrora garşy göreşiň çäginde ýene-de 14 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär
Ysraýylyň Hüjümlerinde Ýene-de Bir Žurnalist Öldürildi
Siriýanyň demirgazygynda PKK/ÝPG-e agza 7 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi